Mag­tym­gu­ly­nyň en­çe­me ýurt­la­ry aý­la­nyp, Tür­küs­ta­nyň yl­my mer­kez­le­rin­de bo­lup, okap, örän baý hem gym­mat­ly tej­ri­be­le­ri ga­za­nan­dan soň mäh­ri­ban hal­ky­nyň ara­sy­na gaý­dyp gel­me­gi bi­len onuň öm­rü­niň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik meý­da­nyn­da iň jo­gap­kär­çi­lik­li ýyl­la­ry hem-de ta­ryh öňün­dä­ki sy­na­gy baş­lan­ýar. Bü­tin dur­ky il-gü­nü­ne bo­lan çäk­siz söý­gü­si bi­len ýug­ru­lan, gö­zel türk­men top­ra­gy iň ar­zy­ly kä­be­si­ne öw­rü­len Mag­tym­gu­ly bu sy­nag­dan ba­şy­ny dik tu­tup geç­di.
Şa­hyr öm­rü­niň ýe­ke­je sa­ly­my­ny-da hal­ky­nyň yk­ba­lyn­dan so­wa ge­çir­me­ýär. Hut şo­nuň üçin hem halk oňa «Mil­li şa­hyr» di­ýen be­ýik ady ber­ýär. Dog­ry, Mag­tym­gu­ly özü­niň der­ýa ýa­ly giň ýü­re­gin­de bes­län we bü­tin öm­rü­niň ýo­lun­da sarp eden Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­ni gö­zi bi­len gö­rüp bil­me­di. Em­ma ol Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň gu­rul­jak­dy­gy­na we­lin, bü­tin dur­ky bi­len yna­nyp­dyr. Onuň ýo­ly, go­ýup gi­den be­ýik mek­de­bi özün­den soň­ky ne­sil­ler ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­di, ös­dü­ril­di hem-de dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Onuň ede­bi mek­de­bi­ni Ke­mi­ne, Mol­la­ne­pes, Seý­di, Ze­li­li, Mä­tä­ji, Mis­gin­gy­lyç ýa­ly şa­hyr­lar do­wam et­di­rip, bu gün­ki ýüz­ler­çe türk­men ede­bi­ýat­çy alym­la­ry, şa­hyr­la­ry, sun­gat iş­gär­le­ri ony gül­le­dip dün­ýä­niň iň kä­mil de­re­je­si­ne ýe­tir­di­ler.
Bu gün türk­men ki­tap­la­ry­dyr ga­zet-žur­nal­la­ryn­da, bag­şy­la­ryň aý­dym-saz­la­ryn­da, ra­dio-te­le­wi­de­ni­ýe­de, in­ter­net­de, ki­no­teatr­lar­da Mag­tym­gu­ly­nyň ady ýaň­la­nyp dur. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz gur­lup, ýa­şyl baý­da­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­na­sy­nyň öňün­de, dün­ýä döw­let­le­ri­niň baý­dak­la­ry­nyň ara­syn­da buý­sanç bi­len pa­syr­dap dur­ma­gy, be­ýik akyl­da­ry­my­zyň ýü­re­gin­de bes­läp gi­den mu­kad­des ar­zuw­la­ry­nyň ha­ky­ka­ta öw­rül­me­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­nyň iň çyl­şy­rym­ly döw­rün­de ýa­şan, ag­zy­bir­lik, ga­raş­syz­lyk, öz­baş­dak döw­let gur­mak ýa­ly be­ýik mak­sat­la­ra öz dö­re­di­ji­li­gi bi­len gul­luk eden yn­san­per­wer şa­hyr­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de türk­men hal­ky­nyň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri­niň, nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi yl­my taý­dan düýp­li öw­re­nil­ýär, ola­ryň gym­mat­ly mi­ra­sy­na be­ýik sar­pa go­ýul­ýar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­mak, Wa­ta­ny ak ýü­rek­den söý­mek ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ýurt Baş­tu­ta­ny­myz döw­le­tiň güý­jü­niň, mil­le­tiň bi­te­wü­li­gin­de­di­gi­ni we ag­zy­bir­li­gin­de­di­gi­ni my­da­ma nyg­tap geç­ýär, döw­le­tiň üs­tün­lik­le­ri­niň esa­syn­da bol­sa pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ag­zy­bir­li­giň du­ran­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz – Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy aja­ýyp eser­le­ri dö­re­den, hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len pel­se­pe­si­ni, kal­by­nyň owa­zy­ny, is­leg-ar­zuw­la­ry­ny dün­ýä ýa­ýan be­ýik söz us­sa­dy­dyr. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­ge, je­bis­li­ge, yn­san­per­wer­li­ge ça­gyr­ýan aja­ýyp şy­gyr­la­ry­ny hal­ky­myz ru­hy ýö­rel­ge, dur­muş ka­nu­ny hök­mün­de ka­bul edip­dir –di­ýip, uly buý­sanç bi­len bel­le­ýär.
Be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň hor­ma­ty­na di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, beý­le­ki ýurt­lar­da hem gur­lan ýa­dy­gär­lik­ler Mag­tym­gu­ly­nyň pel­se­pe­wi tag­ly­ma­ty­na bü­tin dün­ýä­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
En­çe­me asyr­lar geç­se-de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri, Wa­ta­ny­my­za bo­lan çäk­siz söý­gü­si Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da we dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­rin­de ýa­şa­ýan yn­san­la­ryň äh­li­si­ne ýa­kyn­dyr. Çün­ki ha­ky­ky ze­hi­niň çä­gi ýok­dur we ol äh­li adam­la­ryň kalp­la­ry­ny mäh­rem­lik we söý­gi duý­gu­syn­dan dol­dur­ma­ga ukyp­ly­dyr. Bu duý­gy eziz Wa­ta­ny­my­zyň dur­mu­şy­ny has-da ýag­ty­lan­dy­ryp, «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny tä­ze üs­tün­lik­le­re, ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dy­rar we el­my­da­ma hal­ky­my­za mah­sus mil­li edep-ter­bi­ýä­niň ba­ky öç­me­jek mu­kad­des­li­gi bo­lup hyz­mat eder.
Goý, türk­men hal­ky­my­zy bag­ty­ýar dur­muş­da eş­ret­li er­tir­le­re alyp bar­ýan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Je­ren Ata­my­ra­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň «Daý­han­bank» döw­let
tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň Amal­la­ra gö­zeg­çi­lik we
ma­li­ýe mo­ni­to­rin­gi bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň
we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji.