Ýewropa çempionatynyň 4-nji gününde-de 3 duşuşyk oýnalar. Günüň ilkinji oýny 18:00-da Şotlandiýa bilen Çehiýanyň ýygyndylarynyň arasynda bolar. 1996-njy ýyldan soň ilkinji gezek çempionata gatnaşýan Şotlandiýanyň ýygyndysy Çehiýa bilen 20-nji gezek duşuşar. Ozalky oýunlarda ýeňiş gazanmakda 9-8 Britan adasynyň wekili öňde. Germaniýaly Daniel Sibertiň eminlik etjek oýny Glago şäherindäki Hampden Park stadionynda oýnalar.
Günüň 2-nji oýny 21:00-da Sankt-Peterburg şäherindäki “Gazprom Arenada” oýnalar. Polşa bilen Slowakiýanyň arasyndaky bu duşuşykda rumyniýaly Owidiu Hasegan jürlewük çalar. Bu olaryň özara 9-njy duşuşygy bolup, polýaklar 3, slowaklar 4 gezek ýeňiş gazandy. Duşuşyda super hüjümçi Robert Lewandowskiniň hem meýdança çykmagyna garaşylýar.
Günüň jemleýji oýny ýarygije oýnalyp, Sewilýanyň “La Kartuha” stadionyndaky duşuşykda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Şwesiýanyň ýygyndysy duşuşar. Sloweniýaly Winçiçiň eminlik etjek oýny olaryň arasyndaky 15-nji duşuşyk bolar. Öňki oýunlarda ispanlar 6, şwedler 3 gezek ýeňiş gazandy.