Elekt­rou­lag­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy­nyň öňün­dä­ki iň uly päs­gel­çi­lik­le­riň bi­ri hem zar­ýad ber­me­giň uzak wagt­lap do­wam et­me­gi ha­sap­lan­ýar. Li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­sy­nyň için­dä­ki gra­fit-ano­dy oý­lap ta­py­jy hök­mün­de ta­nal­ýan ma­rok­ka­ly in­že­ner Ra­şid Ýa­za­mi elekt­rik ulag­la­ry­na zar­ýad ber­me­giň tä­ze usu­ly­ny dö­ret­di. Bu usul ar­ka­ly ba­ta­re­ýa­la­ra ba­ry-ýo­gy 10 mi­nut­da do­ly zar­ýad be­rip bo­lar. Şeý­le hem bu ba­ta­re­ýa­lar has köp ener­gi­ýa sak­la­ma­ga ukyp­ly bo­lup, ula­gyň 800 ki­lo­metr ýol geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer. Hä­zir­ki wagt­da sa­tuw­da bar bo­lan elekt­rou­lag­lar bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 200-500 km ara­ly­gyn­da ýol geç­ýär. Bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy ha­sap­lan­ýan «Tes­la Mo­del S Plaid» bol­sa bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 840 km ýol ge­çip bil­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa dür­li de­re­je­ler­de tok aky­my­ny ka­da­laş­dyr­mak ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy elekt­rou­lag­la­ra zar­ýad be­riş tiz­li­gi­ni we ola­ryň ula­nyş möh­le­ti­ni gör­ne­tin art­dy­rar.

Baý­ram AŞY­ROW,
«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.