Söz sungaty dolulygyna adamzat bilen bagly. Isle halk döredijiligi bolsun, isle awtorly edebiýat, iň kiçi göwrümli eserlerden başlap iň ulusyna çenli adamzadyň durmuş tejribesi, pähimi beýan edilýär. Bu beýan nakyllarda, ertekilerde, dessanlarda ýa-da basnýalarda haýwanlaryň keşbinde, beýleki awtorly edebiýatlarda janly durmuş wakalarynda öz ornuny tapýar.
Bu nakylda hem hojalyk hajatynyň üsti bilen durmuş pähimi beýan edilýär. Nakylyň düýp-teýkary hojalyk işi bolan mal soýmak bilen bagly. Guýruk sygryň süňki bolmadyk agzasy. Sygyr başyndan soýlup başlanýar. Guýruk bolsa ahyrky agza. Başdan guýruga çenli mal süňkli agzalary bilen bilelikde birnäçe paýlara bölünýär. Bu işiň ahyrky ýeňil bölegi guýruk hasaplanýar. Nakylda hem bir işiň başyny tutup, gutaryberende bar yhlasy puja çykarmazlyk, soňky başarnyga ýetilýänçä sabyr etmek ündelýär. Muny aňlamak üçin nakylyň ulanylýan ýerlerine üns bermek ýeterlikdir. Sabyr etmek, başlan işiňi ahyryna çenli alyp çykmak edebi eserleriň aglabasynda ündelýär. Sabyrlylyk, tutanýerlilik, maksadaokgunlylyk il-günüň arasynda ýagşy görülýän häsiýetlerdir.