Türkmen topragy Hak nazary siňen toprakdyr. Hudaýa şükür, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýarys. Indi otuz ýylyň içidir güneşli Diýarymyzda Garaşsyzlyk taglymaty ýaşaýar, işleýär, döredýär, özgerdýär, haýran galdyryjy ösüşleri amala aşyrýar. Garaşsyzlygyň beren bagtyny öz ykbalynda duýmadyk, onuň gudratyny aňmadyk ýok bolsa gerek. Çünki taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netije­sin­de ýur­du­myz­da mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­ziň, gyz-ge­lin­le­ri­mi­ziň bag­ty­ýar ýa­şa­magy, iş­le­megi we ýaş ne­sil­le­ri za­ma­na­bap ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­megi üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Gah­ryman Arkadagymyzyň «Ze­nan­lar bi­ziň Wa­ta­ny­my­zyň buý­san­jy­dyr» di­ýen söz­le­ri bu aý­dan­la­ry­my­zyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň ýa­kym­ly duý­gu­la­ry ba­gyş ed­ýän gün­le­rin­de mäh­rem ze­nan­la­ry­my­zyň Gahryman Arkadagymyza al­kyş­la­ry şi­rin mu­kam bo­lup ýaň­lan­ýar. Se­bä­bi enä­niň daň sä­her­dä­ki di­le­gi, ar­zu­wy – dün­ýä­niň abat­ly­gy, adam­zat nes­li­niň ro­waç ýa­şaý­şy. Çün­ki ýurt pa­ra­hat bo­lan­da ene ýü­re­gi ra­hat bol­ýar. Ça­ga­sy­na bagt­ly ýa­şaý­şy, bir öm­ri sow­gat be­ren ene­le­riň söý­gü­si, ar­zu­wy di­ňe abat­lyk we sag­lyk­dyr.
Ene­ler dün­ýä­niň be­ze­gi, ene­ler mä­hir um­ma­ny, ene­ler söz­le­se, dün­ýä mäh­re bes­len­ýär, ene­ler hüw­dä hiň­len­se­ler, per­zent­ler rahat uka bat­ýar­lar. Ene­ler şi­rin hüw­dü­le­ri bi­len dün­ýä­de go­wu­ly­gyň hö­küm sür­ýän­di­gi­ni kal­by­my­za guý­ýar­lar. Ol enä­niň aras­sa, päk kal­byn­dan ço­gup çy­kan ja­dy­laý­jy owa­zy­dyr, enä­niň dö­re­den be­ýik sun­gat ese­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly aja­ýyp ese­rin­dä­ki «Ene­ler ili­niň bag­ty­nyň di­le­gin­de bo­lup, abat­lyk ar­zuw­la­ry bi­len dün­ýä­ni ýa­şad­ýar­lar» di­ýen dür­dä­ne se­tir­ler kal­by­ňa nur bo­lup siň­ýär. Şon­da ene al­kyş­la­ry­na bes­le­nen dün­ýä­niň goý­nun­da bag­ty­ýar­dy­gy­ňa ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýär­siň.
Dün­ýä inen ça­ga­nyň il­ki bi­len na­za­ry­nyň di­dar­laş­ýan ýü­zi, onuň üçin ýer­dä­ki pe­riş­de­si bo­lan mäh­ri­ban ene­si­dir. Ene per­zent­le­ri­niň her bi­ri­ne ýü­re­gi­niň bir bur­çun­da orun be­rer, şeý­dip ola­ry ene kal­byn­dan gaýd­ýan mä­hir ýy­ly­sy bi­len ço­ýar. Bu bol­sa ösüp bar­ýan ça­ga üçin ho­wa ýa­ly ze­rur­dyr. Ja­dy­ly ene mäh­ri ça­ga­nyň ru­hu­ny ber­kid­ýär, onuň kal­by­na mä­hir-mu­hab­bet çaý­ýar, gal­kan deý ýa­man göz­den, er­bet dil­den go­ra­ýar. Bu zat­la­ryň hem­me­si ene gud­ra­ty däl­mi nä­me?! Bir ge­zek akyl­dar­la­ryň bi­rin­den iň uly güý­jüň nä­me­di­gi­ni so­ran­la­ryn­da ol: «Enä­niň söý­gü­si – iň uly güýç. Ösüm­lik­ler üçin Gü­nüň ýy­ly ço­gy nä­hi­li äh­mi­ýet­li bol­sa, kör­pe­je ça­ga­nyň ösüp-ulal­ma­gy üçin hem ene mäh­ri ge­rek» di­ýip jo­gap be­rip­dir. Mah­myt Za­mah­şa­ry­nyň «Ýag­şy­za­da­la­ryň ba­ha­ry» at­ly ki­ta­byn­da «Ata güýç-kuw­wat taý­dan ene­den rüs­tem bol­sa-da, ene mä­hir-my­la­ýym­lyk ba­bat­da ata­dan rüs­tem­dir» diý­ýär.
Bü­tin dün­ýä­ni özü­niň mäh­ri bi­len ço­ýup bil­ýän enä­niň mäh­ri­ne, söý­gü­si­ne de­ňäp bol­jak zat bar­my­ka? Enä­niň ýü­re­gi öz per­zent­le­ri bi­len­dir. Se­niň kyn gü­nüň­de gy­nan­ýan, şat gü­nüň­de be­gen­ýän bu yn­san aý­ra dü­şe­niň­de-de gol­da­ýan eke­ni.
Per­zen­di­ni do­kuz aý göw­re­sin­de gö­te­rip, ýag­ty ja­ha­na in­de­ren, san­syz uku­syz gi­je­ler se­ni hüw­dü­läp da­ňy­ny aty­ran, göw­sün­den ak süýt be­rip, il ha­ta­ry­na go­şan be­ýik Yn­san yn­ja­ma­syn, bar wag­ty ola­ryň ga­dy­ry­ny bi­liň.
Ene sa­ňa ýe­ke ge­zek be­ril­ýär,
Söý eneňi, söý­me­gi­ňi do­wam et.
Enä­niň ga­dy­ryn bil­me­ýän bol­saň,
Ene­si­ni ýi­ti­ren­den so­wal et.
Şahyr Kerim Gurbannepeso­wyň bu goşgusyn­da görkezişi ýaly, enäni söýmek, oňa hor­mat goý­mak her bir yn­san üçin parz­dyr. Per­zen­diň bag­ty onuň ata-ene­si­ne goý­ýan hor­ma­tyn­da bol­ýan­dyr.
Ene hak­da nä­çe ýaz­saň-da az. Asyl-ha ene­le­riň was­py soň­lan­ma­jak des­san­dyr. Ene bo­lup ýur­du­ňa, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­ňa, per­zent­le­ri­ňe gu­wa­nyp ýa­şa­mak bol­sa, gör, nä­hi­li bagt! Goý, Gah­ry­man Arkadagymyzyň gül göw­nün­de söý­gü­le­nip, ar­zy­la­nyp ýa­şa­ýan eziz ene­le­ri­mi­ziň per­zent­le­ri, il-halk, Wa­tan ba­ra­da­ky do­ga­ýy di­leg­le­ri, al­kyş-ar­zuwlary kabul bolsun! Goja Zeminiň görki eziz käbelerimizi hormatlaýan Gah­ry­man Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bol­sun!

Ju­ma­gül Ho­ja­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň pu­dak­lar
bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň
us­sat mu­gal­ly­my.