Amerikanyň Birleşen Ştatlary wodorod energiýa ulgamyny gurmak barada kanun taslamasyny taýýarlady. Taslama 8 milliard dollar maýa goýumyny öz içine alýar. Bu barada maliýe maglumatlary ýaýradýan «Bloomberg» saýty habar berdi.
Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde Ýer togalagyny halas etmegiň açary hasaplanýan wodorod energiýa ulgamyny gurmak, köplenç, gazylyp alynýan energiýa serişdelerine esaslanýar. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek 8 milliard dollara düşer. Iň azyndan üç sebit merkezini döretmek meýilleşdirilip, bu ýerlerde tebigy gazdan, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden we ýadro energiýasyndan wodorod öndüriler.
Wodorod kömürturşy gazlaryny azaltmakda esasy faktor bolup biler. Sebäbi ýangyjyň bu görnüşi zyýanly gazlary howa goýbermän turbinalary, peçleri we ýangyç öýjüklerini herekete getirip bilýär. Emma wodorod çeşmeleriniň aglaba köpüsi gazylyp alynýan energiýa serişdeleri, mysal üçin, kömürturşy gazyny bölüp çykarýan tebigy gaz arkaly alynýar. Bu zyňyndylar tutulyp, soňra başga önümçiliklerde ulanylmalydyr, ýa-da wodorod howanyň üýtgemegine garşy göreşer ýaly kömürturşy gazlary konserwasiýa edilmelidir. Şeýle hem kanun taslamasy kömürturşy gazlaryny tutmak boýunça tehnologiýalara maýa goýumlaryny talap edýär.
Mundan başga-da, kanun taslamasynda elektroliz ulanyp, suwdan wodorod almak boýunça taslamalara bir milliard dollar grant berilmegi göz öňünde tutulýar. Wodorod öndürmegiň bu usuly has gymmat, ýöne bilermenleriň pikiriçe, ýakyn on ýylda wodorodyň «ýaşyl» çeşmeleri doly arzanlaşar. Bu ýagdaýda wodorod öndürmegiň teklip edilýän käbir usullarynyň bäsdeşlige ukyplylygy az bolar.
Açyk tebigatda elýeterli bolmadyk bu energiýa Gün energiýasy ýa-da ýel turbinalary ýaly täzelenýän çeşmeler bilen öndürilýän bolsa, onda ony «ýaşyl wodorod» diýip atlandyryp bolardy.
Häzirki wagtda ABŞ, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Belgiýa we Awstriýa ýaly ýurtlarda wodorod ulanmak meýilleşdirilýär. Wodorod himiki birleşme görnüşinde bolup, onuň köp bölegi dünýä ummanynda saklanýar. Bu element daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ulag serişdelerinde benziniň, ýyladyş üçin tebigy gazyň hem-de metallurgiýa zawodynda ulanylýan kömrüň deregini tutýar.