Kitap okamagyň uludan-kiçä hemmeler üçin peýdasynyň bardygy ikuçsyzdyr. Bilermenler çagalara kitaby söýdürmek üçin käbir maslahatlary berýärler.
Öýde ýörite kitap tekjesiniň bolmagynyň we maşgala agzalary bilen bilelikde kitap okamagyň ähmiýetlidigi bellenilýär. Çagalaryň okaýan kitabyny ulularyň okamagy körpelerde kitaba bolan söýgini has-da artdyrýar. Sebäbi körpeler ululardan görelde alýar. Şeýle hem bu ýagdaý çagada kitap okamagyň, bir zady kitapdan öwrenmegiň diňe kiçilere mahsusdygy baradaky pikiriň döremeginiň öňüni alýar.
Kitap okalyp bolandan soňra ol barada pikir alyşmak okalan zadyň has täsirli bolmagyna sebäp bolýar. Her kimiň öz okan zady baradaky pikirini aýtmagy, çaganyň düşünmedik ýerini ýa-da bilmeýän zadyny ulularyň öwretmegi has ýatda galyjy bolýar. Mysal üçin, kitapda gabat gelen käbir sözüň çaga üçin düşnüksiz bolmagy mümkin.
Çagalar okamak üçin kitap saýlanlarynda ýaşyna görä we gyzyklanýan temasy bilen bagly bolsa has gowy. Birbada köp sahypaly we halamaýan kitabyny okamak çaga üçin kynrak bolmagy mümkin. Şol sebäpli çagalaryň nämäni gowy görýändigini bilip, şoňa görä kitap saýlamaly. Şeýle ýagdaýda çagada kitaba bolan gyzyklanma artýar.
Boş wagtyňda däl, her wagtda
Käbir adam «boş wagtyň näme edýärsiň?» diýen sowala «kitap okaýaryn» diýip jogap berýär. Kitap ýörite wagt bellenilip, ýerine ýetirilmeli hökmany işleriň hatarynda bolmaly. Beden üçin iýmitiň zerur bolşy ýaly, beýni üçin hem öwrenmek zerurdyr. Beýniniň iýmiti kitapdyr.
Durdy Agaýew,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.