Ýer ýü­zün­de 4,8 mil­liard iş­jeň in­ter­net ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ila­ty­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň 92 gö­te­ri­mi in­ter­ne­te mo­bil en­jam­lar ar­ka­ly bi­rig­ýär­ler. Ula­ny­jy­la­ryň sa­ny soň­ky bir ýyl­da 257 mil­li­on kö­pe­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny her ýyl­da 5,7 gö­te­rim art­ýar.
De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ara­gat­na­şy­gyň ösen gör­nü­şi ila­tyň 96 gö­te­ri­mi üçin el­ýe­ter­li bo­lup, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ilat sa­ny­na gö­rä in­ter­ne­tiň el­ýe­ter­li­li­gi­ne Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Da­ni­ýa we Şwe­si­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň umu­my sa­ny göz öňün­de tu­tu­lan­da Azi­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu yk­lym­da 2,5 mil­liard adam in­ter­net­den iş­jeň peý­da­lan­ýar. Ikin­ji ýer­de Ýew­ro­pa yk­ly­my bo­lup, se­bit­dä­ki ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 728 mil­lio­na ýet­ýär.
Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy Hy­taý­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny­nyň 1 mil­liard­dan ge­çen­di­gi mä­lim edil­di. Taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da ýur­duň ila­ty­nyň 71,6 gö­te­ri­mi­niň in­ter­net ula­ny­jy­sy­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň In­ter­net to­ry mag­lu­mat mer­ke­zi (CNNIC) ha­sa­bat taý­ýar­la­dy. Eda­ra­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny­nyň ge­çen ýyl­da­ky­dan 8 gö­te­rim kö­pe­len­di­gi bel­le­nil­di.
Şeý­le hem mag­lu­mat­da ýurt­da in­ter­net ar­ka­ly sar­gyt edil­ýän ha­ryt­la­ryň hem sa­ny­nyň örän ýo­ka­ry­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýurt­da­ky in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­nyň on­laýn ha­ryt sar­gyt ed­ýän­di­gi we sal­gy­sy­na ge­tird­ýän­di­gi aý­dyl­ýar.
Ýurt­da tak­si hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny hem ýy­lyň do­wa­myn­da 17 gö­te­rim ar­typ, 396 mil­lio­na ýe­tip­dir.
«Tik­Tok»-yň hy­taý­ça nus­ga­sy bo­lan «Douyin» at­ly wi­deo plat­for­ma­sy­nyň ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny 6 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 943 mil­li­on ula­ny­ja ýe­tip­dir.
Mag­lu­mat­da «Ali­ba­ba»-nyň «Ali­pay» we «Tencent»-iň «WeChat» tö­leg ul­gam­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny 8 gö­te­rim ar­typ, 872 mil­li­on ada­ma ýe­tip­dir.

Ogulbagt AMANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.