Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Amerika Açykda” zenanlaryň arasynda Beýik britaniýaly Emma Radukanu çempion boldy. 18 ýaşyndaky tennisçi 1 sagat 51 minutlap dowam eden finalda kanadaly 19 ýaşyndaky Leýla Fernandesi 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň tennis karýerasyndaky ilkinji kubok bolup, ol 44 ýyldan soň, “Uly tuwulga” gazanan ilkinji britaniýaly zenan tennisçi hökmünde taryha girdi. Soňky gezek 1977-nji ýylda “Wimbledonda” britaniýaly Wirjinia Weýd çempion bolupdy. Ejesi hytaýly, kakasy rumyniýaly, 2002-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Kanadada dünýä inen Radukanu amerikaly Serena Williamsdan (2014) soň “Amerika Açykda” ýeke setde hem utulman çempionlyk gazanan ilkinji zenan tennisçi boldy. 150-nji orunda ýaryşa başlan Radukany “Amerika Açykda” Kim Kliýstersden (2009) soň iň pes orunda bolup çempionlyk gazanan tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Ol Mariýa Şarapowadan soň (2004) “Uly tuwulga” gazanan iň ýaş zenan tennisçi boldy.

Ilkinji gezek finala çykan Leýla Fernandes finala çenli ilkinji 5 orunda barýan 3 tennisçini ýeňmegi başardy. Bu final 1999-njy ýyldaky Serena Williams – Martina Hings finalyndan soň, ýaşlaryň arasynda oýnalan aýgytlaýjy duşuşyk boldy. Ýeňiji 2,5 million, finalçy 1,250 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy.