Ine, şu sözbaşy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna sowgat eden täze kitabynyň adydyr. Halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlary, hususan-da gymmatly eserleridir kitaplary biziň hemmämiz üçin ýol-ýörelge hem-de şamçyrag bolup durýar.
Milli Liderimiziň täze kitabynyň çapdan çykyp, il-halkymyza gowuşmagy şatlykly waka boldy. Bu kitapda halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky üstünliginiň giňden wasp edilmegi guwandyryjy wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň okyjylar köpçüligine sowgat edýän her bir kitaby halkymyzyň ruhy gymmatlygynyň has-da baýlaşmagynyň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.
Ýurdumyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly döwrebap kärhanalar, iri binalardyr desgalar gurulýar. Dörediji, özgerdiji zähmetimiz bilen halkymyzyň iň täze taryhyna öçmejek sahypalary ýazýarys. Amala aşyrylýan giň gerimli bu özgertmeler bolsa ata Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Bu kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn görkezilýär, parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýeti açylyp görkezilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz barha ösýär, özgerýär. Halkymyz Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň, parahatçylygyň gadyr-gymmatyny bilip, duýup, abadan durmuşda ýaşaýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halky milli gymmatlyklarymyza, esasan hem ynsanyň içki dünýäsini özgerdiji güýç hasap edilýän kitaba uly hormat goýýar. Biziň taryhymyz milletimiziň kagyz oýlanylyp tapylýança çap etmegiň gowaklarda gaýalaryň ýüzüne şekiller görnüşinde ýazmak ýaly döwürlerini başdan geçirendigini habar berýär. Marguşdan, Goňurdepeden, gadymy Nusaýdan hem-de ýurdumyzyň çäkleriniň beýleki ýerlerinden tapylan gymmatlyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şonuň üçin kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Esasan hem milli Liderimiziň kitaplary ýaşlary Watançylyk duýgusynda terbiýelemek üçin esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan kitaplary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, halkara okyjylar köpçüliginiň hem giň gyzyklanmasyna eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly kitaplary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi üçin olar ençeme döwletiň dillerine terjime edildi we edilýär. Bu bolsa dünýäniň dürli halklarynyň, jemgyýetçilik we ylmy wekilleriniň bu eserleri öz ene dillerinde okamagyna giň mümkinçilik döredýär.
Ýazgeldi SARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.