ABŞ-nyň ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi 2035-nji ýy­la çen­li ýur­tda sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny Gün ener­gi­ýa­syn­dan ön­dür­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. Bu ýag­daý hä­zir­ki muk­da­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­nyň ula­ny­ly­şy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny gör­ke­zýär.
Ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Jen­ni­fer Gran­holm me­ýil­na­ma­da ýa­ňy-ýa­kyn­da mi­nistr­li­giň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri, gel­jek ýyl­lar­da Gün ener­gi­ýa­sy­ny ulan­ma­gyň möç­ber­le­ri we mil­li elekt­rik ener­gi­ýa pu­da­gyn­da ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry azalt­mak ba­ra­da gür­rüň goz­gal­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu me­ýil­na­ma gel­jek 15 ýyl­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni Gün ener­gi­ýa­sy ar­ka­ly üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýär. 2050-nji ýy­la çen­li Gün ener­gi­ýa­sy ar­ka­ly 1600 gi­ga­wat ener­gi­ýa ön­dü­ri­lip bi­lner.
Gran­holm Gün ener­gi­ýa­sy­nyň iň gym­mat ener­gi­ýa çeş­me­si­di­gi­ni we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na çyk­da­jy­la­ry ýo­kar­lan­dyr­maz­dan, 1,5 mil­li­on tä­ze iş or­nu­nyň dö­re­dil­jek­di­gi­ni aýt­dy.
– Bu ýag­ty gel­je­ge ýet­mek üçin gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň köp­çü­lik­le­ýin we ada­lat­ly ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy­ny hem-de inf­rast­ruk­tu­ra we iş ýer­le­ri­ne ma­ýa goý­mak ba­ra­da­ky ka­nun­da göz öňün­de tu­tu­lan ta­kyk de­kar­bo­ni­za­si­ýa sy­ýa­sa­ty­ny ta­lap ed­ýär – diý­lip, Jen­ni­fer Gran­hol­myň be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.
Mi­nistr­lik hä­zir­ki wagt­da ABŞ-da­ky umu­my ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­niň ba­ry-ýo­gy 3 gö­te­ri­mi­niň Gün ener­gi­ýa­syn­dan ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Mi­nistr­li­giň me­ýil­na­ma­sy­na gö­rä, ABŞ-da Gün ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry­nyň kö­pel­dil­me­gi kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­ma­k ugrundaky çyk­da­jy­la­ry tyg­şyt­lar we bu ýag­daý ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam be­rer.