Ýokary tizlikli sport ulaglaryny öndürmegi bilen tanalýan «Porsche» kompaniýasy soňky ýyllarda elektroulag önümçiligini hem artdyrýar. Kompaniýa «Taycan GTS» we «GTS Sport Turismo» atly iki sany ulagyny köpçülige görkezdi. Elektroulaglar bir gezekki zarýady bilen 500 kilometrden gowrak ýol geçýär. Ulaglaryň ikisi hem 100 km/sagat tizlige bary-ýogy 3,7 sekuntda ýetýär.
GTS gysgaltmasy kompaniýanyň 1963-nji ýylda satuwa çykaran «904 Carrera GTS» ulagynda ilkinji gezek peýda boldy. «Grand Turismo Sport» diýmegi aňladýan bu söz kompaniýanyň iň naýbaşy modellerinde ulanylýar. Los-Anjeles awtoulag sergisinde görkezilen ulaglaryň ýokary tizligi sagatda 250 kilometre ýetýär.
Bezirgen Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.