7-nji dekabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda teleköpri arkaly guralan gepleşikler iki sagatdan gowrak dowam etdi.
Putin özüniň Soçidäki rezidensiýasyndan amerikaly kärdeşi bilen aragatnaşyga girdi. Gepleşikler iki ýurduň liderleriniň arasyndaky aragatnaşyk üçin niýetlenen ygtybarly wideo baglanyşygy arkaly ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Bu usul ilkinji gezek ulanylýar. Terjime yzygiderli geçirildi.
Duşuşygyň başynda Prezidentler salamlaşdylar. Ilkinji bolup söze başlan Baýden geljekde Putin bilen ýüzbe-ýüz gepleşmäge umyt bildirdi.
Iki lideriň arasyndaky bu söhbetdeşlik Baýdeniň Amerikanyň Prezidenti wezipesine girişeli bäri bäşinjisidir. Ondan öň iki döwletiň Baştutanlary üç gezek telefonda gepleşdiler, iýun aýynyň ortalarynda Ženewada ýüzbe-ýüz duşuşypdylar.
Duşuşygyň gün tertibinde dünýädäki strategik durnuklylyk we ikitaraplaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Liderleriň sebitdäki howpsuzlyk meselelerine, şol sanda, Owganystandaky ýagdaýlara-da degip geçdiler.