Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zuw­lan Ga­raş­syz­lyk eý­ýa­my­nyň gel­me­gi hal­ky­my­zyň ba­şy­ny gö­ge ýe­tir­di, Bi­ta­rap­lyk bol­sa kö­ňül ar­zu­wy­ny gül­let­di. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz yla­la­şy­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan beý­le­ki döw­let­ler bi­len dost­luk, bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak, bi­rek-bi­re­ge ynam et­mek, öza­ra ýar­dam ber­mek esa­syn­da gat­na­şy­gy­ny ös­dür­ýär we köp ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy se­bit­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne iter­gi ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da Wa­ta­ny­myz BMG-niň mün­be­rin­den dün­ýä ýü­zü­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty esa­syn­da hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­nyň ke­pil­len­di­ril­me­gi, da­şa­ry ýurt te­le­ke­çi­li­gi üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, şeý­le hem ýur­du­my­zyň iň­ňän baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­jy­la­ry­ny özü­ne çek­ýän­li­gi oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär.
Yn­ha, tu­tuş toý ru­hu­na bes­le­nen «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 26 ýyl­lyk baý­ra­my ulu­dan toý­lan­ýar. Bi­ta­rap­lyk ýyl­la­ryn­da yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ge­ri­mi has-da gi­ňe­di. Ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hem go­şan­dy ulu­dyr. Ýur­du­myz­da­ky hu­su­sy kär­ha­na­lar bu ýyl­lar­da eks­port müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­dy. Şeý­le kär­ha­na­la­ryň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan «Mi­we­li ül­ke» hu­su­sy kär­ha­na­sy­dyr. Kär­ha­na­myz bir­nä­çe ýy­lyň iş tej­ri­be­si ne­ti­je­sin­de daý­han bir­le­şik­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän mi­we­le­ri we gök-bak­ja ekin­le­ri­ni 1000 ton­na­lyk so­wa­dy­jy am­mar­da sak­lap, ýy­lyň äh­li pas­lyn­da ter­li­gi­ne hal­ky­my­za ýe­tir­ýär we bir­nä­çe ýurt­la­ra eks­port ed­ýär. Esa­sy bel­le­me­li zat hem, bu iş­ler ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýar.
«Mi­we­li ül­ke» hu­su­sy kär­ha­na­sy «Hoş­wagt» we «Al­tyn baş» söw­da bel­gi­li ko­fe­le­ri, ýe­ňil mek­ge­jö­wen ta­ýa­jyk­la­ry­ny, mek­ge­jö­wen­den we bug­daý­dan taý­ýar­la­nan çip­si­le­ri, gu­ra­dy­lan çö­rek bö­le­jik­le­ri­ni, dür­li gör­nüş­li gant­la­ry, sak­gyç­la­ry, gow­ru­lan gü­ne­ba­kar çi­gi­di­ni, gla­zur­la­nan ýe­ňil bü­rünç­den we bug­daý­dan taý­ýar­la­nan bal­ly pat­rak­la­ry, JooY ka­ra­mel süý­jü­le­ri­ni ön­dür­ýär. Bu ön­dü­ril­ýän önüm­le­re ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler ýö­ri­te bar­lag­ha­na­da döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan en­jam­lar ar­ka­ly gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da «Mi­we­li ül­ke» hu­su­sy kär­ha­na­sy Ma­ry şä­he­ri­niň Baý­ram han kö­çe­si­niň ug­run­da 10200 ton­na­lyk so­wa­dy­jy am­mar­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni alyp bar­ýar. We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň Türk­me­nis­tan daý­han bir­le­şi­gin­de bol­sa döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň ýer gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. 600 gek­tar ýer bö­le­gin­de to­hum­lyk ýeral­ma­la­ryň ýe­tiş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my­na bar­ýan şu aja­ýyp gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň äh­li ul­ga­myn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler buý­san­jy­ňy go­şa­lan­dyr­ýar. 26 ýyl bä­ri di­ňe be­ýik iş­le­ri bi­len da­ba­ra­la­nyp gel­ýän ýur­du­myz­da bu gün hal­ky­myz bir mak­sa­da, ýag­ny ag­zy­bir­lik mak­sa­dy­na gul­luk ed­ýär. Ag­zy­bir­lik bol­sa bi­zi aja­ýyp üs­tün­lik­le­re, ösüş­le­re, ab­raý-mer­te­bä ýe­tir­ýär. Döw­let­li­lik ag­zy­bir­lik­den baş­lan­ýar. Ag­zy­bir­li­giň bar ýe­rin­de ýe­til­me­jek men­zil ýok­dur. Gahryman Arkadagymyzyň da­şy­na je­bis­le­şip pa­ra­hat ýur­du­myz­da toý toý­la­mak iň uly bagt. Goý, hal­ky­my­zy bir sa­ça­ga jem eden, äh­li ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kid­ýän Gahryman Arkadagly ýur­du­myz­da tu­tul­ýan toý­lar do­wam­ly bol­sun! Yn­ha, «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hal­ky­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­ny toý­la­ýar. Gah­ry­man Arkadagymyz tu­tuş dün­ýä­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ber­kid­ýär. Hormatly Prezidentimiz ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de hu­su­sy eýe­çi­li­giň döw­re­bap gör­nüş­le­ri­ne geç­me­giň mö­hüm ugur bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de bu ugur­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. «Mi­we­li ül­ke» hu­su­sy kär­ha­na­myz­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­ri­miz hem bu baý­ra­ma öz­le­ri­niň my­na­syp sow­gat­la­ry bi­len bar­ýar­lar. Hormatly Prezidentimize te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gin­de dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin al­kyş aýd­ýa­rys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň be­lent ba­şy aman, tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Mak­sat­my­rat GUR­BAN­MU­HAM­ME­DOW,
«Mi­we­li ül­ke» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy, te­le­ke­çi.