Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda Halkara Bitaraplyk gününi giňden belläp geçdi. Bu baýramçylyk diňe bir biziň ata Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen baýramçylykdyr. Ol Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň giňden dabaralanmasydyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty – hal­ka­ra howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­t ge­çi­ril­di. Hormatly Prezidentimiz şol mas­la­hat­da eden çy­ky­şyn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­ler bo­ýun­ça hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da tä­ze fi­lo­so­fi­ýa­sy­ny iler­let­mek ba­bat­da mö­hüm baş­lan­gyç bi­len çy­kyş et­di. Milli Liderimiz bu fi­lo­so­fi­ýa­ny «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» di­ýip at­lan­dyr­dy.
Ha­ky­kat­dan hem, hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly dö­wür­de yna­nyş­ma­gyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri hem bel­läp geç­di­ler. Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar öz çy­kyş­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren tä­ze fi­lo­so­fi­ýa­sy­nyň, ýag­ny baş­lan­gy­jy­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne mö­hüm ädim bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Hormatly Prezidentimiziň hal­ka­ra we mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de he­mi­şe gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýar. Milli Liderimiziň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi ug­run­da­ky ir­gin­siz ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da hem-de se­bit we dün­ýä de­re­je­le­rin­de bir­nä­çe mö­hüm hal­ka­ra çä­re­ler – mas­la­hat­lar, köp­ta­rap­la­ýyn fo­rum­lar we söh­bet­deş­lik­ler, okuw mas­la­hat­la­ry we sa­pak­la­ry ge­çi­ril­di.

Özü­niň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da alyp bar­ýan döw­le­ti­miz dün­ýä­niň is­len­dik gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da giň ta­gal­la­lar ed­ýär. Paý­tag­ty­myz­da «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty – hal­ka­ra howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» ady bi­len ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ka­bul edi­len çöz­güt­ler, gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we äh­lu­mu­my möç­ber­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.
Umu­man, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi ba­bat­da özü­niň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den hem-de tej­ri­be­sin­den giň­den peý­da­lan­ýan eziz Di­ýa­ry­myz dün­ýä­niň aba­dan­çy­ly­gy­na, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­de, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da gu­ral­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar.
Dün­ýä­niň yk­rar edi­len Li­de­ri hök­mün­de ta­nal­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şan­ly se­ne­le­re ba­gyş­lap ýa­zan, «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» at­ly goş­gu­sy hem eziz Di­ýa­ry­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu goş­gy se­tir­le­rin­de hem tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi üçin yna­nyş­ma­gyň mö­hüm gu­ral bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­ýar.
Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de yna­nyş­mak hem-de dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň esa­sy gu­ra­ly bo­lup dur­ýar. Mu­ňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän hal­ka­ra hem-de se­bit gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri yna­nyş­mak hem-de dia­log bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da öza­ra yna­myň dö­re­ýän­di­gi­ni, onuň hem bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk esa­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne go­şant bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar.
Döw­le­ti­mi­ziň yna­nyş­ma­gyň hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi ba­bat­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da hal­ka­ra ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bol­sa ýur­du­myz­da iri hal­ka­ra fo­rum­lar hem-de sam­mit­ler gu­ral­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, go­laý­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 15-nji sam­mi­ti, aw­gust aýyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň sam­mi­ti ge­çi­ri­len bol­sa, öňü­miz­dä­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Tür­ki­ýä­niň Prezidentleriniň gat­naş­ma­gyn­da sam­mi­tiň ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baştutanlarynyň sam­mi­ti­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ýaz­my­rat UMA­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.