Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik baýramçylyk. Sebäbi Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Bu ajaýyp baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde baýram edilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr.

Bil­şi­miz ýa­ly, dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da, şol san­da, bi­ziň döw­le­ti­miz­de hem Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy her bir maş­ga­la­da aý­ra­tyn şow­hun bi­len ag­zy­bir­lik­de bel­len­ýär. Her bir baý­ram­çy­lyk­la­ra hem-de şan­ly se­ne­le­re zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len bar­ýan hal­ky­myz milli Liderimiziň sa­ýa­syn­da bu aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gy şat­lyk-şow­hun, uly ru­hu­be­lent­lik bi­len baý­ram ed­ýär­ler. «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly hem hormatly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ösüş­le­re, öz­ge­riş­le­re örän baý ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy.
Hä­zir­ki gün­ler­de ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de hem-de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da bu ar­zy­ly baý­ra­ma­çy­ly­ga giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­ri owa­dan keş­be gir­ýär, şa­ýol­lar­da, kö­çe­ler­de hem-de meý­dan­ça­lar­da Tä­ze ýyl be­zeg­le­ri ýal­kym saç­ýar.

Paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň ag­şam­ky keş­bi aý­ra­tyn öwüş­gi­ne bes­len­ýär. Ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­nyň hem-de dü­kan­la­ryň tek­je­le­rin­de ka­gyz sa­pak­lar, be­zeg oý­na­waç­lary we dür­li şar­lar, eme­li ar­ça­lar, gel­jek ýy­lyň ny­şa­ny – bar­syň şe­kil­le­ri peý­da bol­dy. Jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­nyň öňün­de bi­ri-bi­rin­den owa­dan ka­şaň ar­ça­lar otur­dyl­ýar, şä­he­ri­mi­ziň kö­çe­le­ri­niň ug­run­da­ky da­ragt­la­ry dür­li öwüş­gin­li çy­ra­jyk­lar be­ze­ýär, meý­dan­ça­lar­dyr se­ýil­gäh­ler şow­hun­ly kon­sert meý­dan­ça­la­ry­na öw­rül­mä­ge taý­ýar­lan­ýar.
We­la­ýat­lar­da Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­la­ry­nyň öňün­de ge­çi­ri­ler. Olar öz­bo­luş­ly be­zeg­ler bi­len be­ze­ler. Baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne ta­ny­mal sun­gat us­sat­la­ry, ar­tist­ler, ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry, şeý­le-de, baý­ra­myň baş gah­ry­man­la­ry – Aýaz­ba­ba bi­len Gar­pa­myk gat­na­şar.
2022-nji ýy­ly gar­şy­la­ma­ga ýo­ka­ry de­re­je­de äh­mi­ýet be­ril­ýär. Go­laý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Gahryman Arkadagymyz gel­jek­ki da­ba­ra­lar­da bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň we ýag­şy umyt­la­ryň ýur­dy – Türk­me­nis­ta­nyň şu gün­ki ýe­ten de­re­je­si­niň, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň we ösüp gel­ýän ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da­nyň be­ýan edil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, çä­re­le­riň ulu­lar hem-de ça­ga­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak şat­lyk­ly wa­ka­la­ra do­ly bol­ma­ly­dy­gy ba­ra­da tab­şy­ryk­lar ber­di.
Dür­li be­zeg se­riş­de­le­ri we kö­pö­wüş­gin­li yşyk­lan­dy­ry­jy­la­ry bi­len gö­wün gö­te­ri­ji Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry esa­san hem ça­ga­la­ra uly şat­lyk paý­la­ýar. Şo­nuň üçin hem mil­li Li­de­ri­miz bu baý­ram­çy­ly­gyň ça­ga­lar­da ýa­kym­ly tä­sir­ler gal­dyr­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýär. Mu­nuň üçin mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň gyş­ky dynç alyş döw­rün­de hem Aýaz­ba­ba­nyň we Gar­pa­my­gyň gat­naş­ma­gyn­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da­ky ala­da, ola­ryň ylym­ly-bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi hem-de dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň äh­li kün­jek­le­rin­de bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär, döw­re­bap mek­dep­ler, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ry, sport meý­dan­ça­la­ry, sta­di­on­lar, me­de­ni we dynç alyş mer­kez­le­ri gu­rul­dy hem-de gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär.
Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny öz ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ry­na gö­rä gar­şy­la­ýar. Goý, ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl, hal­ky­my­za dü­şüm­li ýyl­la­ryň bi­ri bol­sun!

Eziz­mu­ham­met AT­DA­ÝEW,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.