Berkarar döwletmiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz ösüşiň parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni döwletimiziň, halkymyzyň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda uly baýram – döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolan güni. Bu senede ata Watanymyzda Bitaraplyk ýyllary içinde gazanylan şöhratly üstünlikler baýram edilýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda 185 döwlet tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Bitaraplyk sözüniň aňyrsynda çäksiz uly many-mazmun bar. Bu sözde halkyň erkanalygy, ýurduň özbaşdaklygy, milletiň öz ykbalynyň eýesidigi baradaky hakykat jemlenendir.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine görk goşýan Bitaraplyk binasy türkmen Bitaraplygynyň ajaýyplyklarynyň biridir. Bu binanyň beýikligi 83 metr, heýkeliň beýikligi 12 metr bolup, jemi 95 metrdir. Bu sanlar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan senesini 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar.
Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garamak bilen, bu syýasata uly ähmiýet berýär. Halkymyz hemişelik Bitaraplygymyza, parahatçylyk söýüjilik ýörelgämize buýsanýar. Çünki baky Bitaraplygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, häzirki zamandaky ähmiýetli orny we ýurduň güýji baky Bitaraplygymyz bilen ygtybarly berkidildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň berk sütünlerine öwrüldi.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini gyşarnyksyz dowam etdirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýän taryhy Kararnamasynda hem Türkmenistanyň parahatçylygyň, asudalygyň, ynsanperwer başlangyçlaryň mekanydygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu gymmatlyklara esaslanyp hem dünýä ýurtlary tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan goldanylýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň şeýle ykrarnama iki gezek eýe bolandygyny hem aýratyn bellemegimiz gerek.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar.
Ýakynda halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belledi. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, daşary döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatda hormatly Prezidentimiz – Türkmenistanyň Bitaraplygyna biz giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň şerti hökmünde garaýarys. Biz öz Bitaraplygymyzy ählumumy ösüşiň we öňegidişligiň, BMG-niň maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksadynda amala aşyrýandygymyzy buýsanç bilen aýdýarys – diýip nygtady.
Bu günki günde Bitarap döwletimiz umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegi babatda oňyn çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanýar.
Türkmen halkynyň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmegine gönükdirilen beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aba ÇARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.