Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýeti we sungaty yzygiderli ösdürmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň yzygiderli goldawlary netijesinde aýdym-saz sungaty belent sepgitlere ýetdi.
Müňýyllyklardan gözbaş alýan türkmen medeniýeti, aýdym-sazy halkyň içinden döreýän zehinli ynsanlaryň hasabyna has-da kämilleşip gelýär. Öz gezeginde milli medeniýetimiz hem ýiti zehinleri ýüze çykarýar. Ussatlaryň hakyky döredijilik ukyplary bilen döreden ölmez-ýitmez eserleri milletimize ruhy kuwwat berýär.
Häzirki döwürde dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan türkmen aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär.
Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek sungaty öwrenijiler we mirasgärler üçin esasy wezipeleriň biridir.
Görogly dessançylyk sungatynyň, halkymyzyň küştdepdi aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda uly waka boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýdym-saz sungatymyzy dünýä derejesine çykarmak ugrunda giň tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz sungat ussatlaryna halypa hem-de nusgalyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän nurana aýdymlary sungat ussatlarynyň, galyberse-de türkmen halkynyň kalbynda orun aldy.
Beýik ata-babalarymyz ylmyň hem-de medeniýetiň jemgyýetçilik ösüşiniň hereketlendiriji şertidigine düşünip, örän iri kitaphanalary we ylmy merkezleri döredipdirler, obserwatoriýalary açypdyrlar, sungaty ösdürmegi höweslendiripdirler. Şu nukdaýnazardan hem döwürleriň arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny bellemek buýsançlydyr. Türkmen bagşylarynyň asyrlaryň dowamynda milli medeniýeti ösdürmekdäki orny uludyr. Halypaçylyk däpleriniň dowamatlylygy dürli döredijilik ýollarynyň kemala gelmegine ýol açdy.
Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde, obalarda medeni maksatly ajaýyp binalar yzly-yzyna gurlup, ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda medeniýete aýratyn üns berlip, onuň kanuny binýady berkidildi. «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun halkyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitläp, Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmagy we olar üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Güneşli Diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete, sungata uly üns berýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Mergen ATAÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty we aýdym-wokal bölüminiň mugallymy.