«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz günsaýyn gülläp ösýär we döwletli işler durmuşa geçirilýär. Biz hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň işgärleri bolup bu ösüşlere öz goşandymyzy goşýarys. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw sapaklary, şeýle-de türgenleşikler yzygiderli geçirilýär. Ondan başga-da, tälimçi mugallymlar bilen bilelikde bedenterbiýäniň we sportuň dürli görnüşleriniň gelip çykyşy hem-de türkmen sportunyň gülläp ösüş aýratynlyklary barada usuly okuwlar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde beýleki desgalar bilen bir hatarda, sport mekdepleri, sport toplumlary dünýä ülňülerine laýyk derejede gurlup ulanmaga berilýär. Sport desgalarynyň döreýiş taryhy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.
Arheologik gözlegleriň netijesinde ilkinji sport desgalarynyň daş asyrynda peýda bolandygy anyklandy. Olar Hindistanyň, Müsüriň, Orta Aziýanyň hem-de Günorta Amerikanyň çäklerinden tapyldy. Egeý taýpalarynyň medeniýeti b.e.öň üç müň, bir müň iki ýüz ýyl ozal Ortaýer deňziniň töwereklerinde bedenterbiýäniň ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Ol ýerde gap-gaçlaryň ýüzüne çekilen türgenleriň, öküziň üstünden bökülýän pursatlaryň şekilleri ýüze çykaryldy. Gadymy Krit adasynyň Knoss şäherinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin ýörite otaglar bolupdyr.
Taryhdan gözbaş alan binagärlik sungaty häzirki wagtda ýurdumyzda milli öwüşginde döwrebap äheňde dowam etdirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köp ugurly döwrebap sport toplumy we beýleki sport desgalary gurlup ulanmaga berildi. Welaýatlarda, etraplarda, obalarda dürli ýaşly raýatlar üçin sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Bu desgalar sportuň has-da ösmeginde, berk bedenli, sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatynda hemmeler üçin görelde mekdebidir. Ýurdumyzda sport desgalarynyň sanynyň artmagy ösüp gelýän ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna, olarda döredilýän şertler bolsa türgenlerimiziň türgenleşiklerini yzygiderli alyp barmaklaryna mümkinçilik berýär. Bu aladalaryň netijesinde türgenlerimiz geljekde-de Watanymyzyň abraýyna mynasyp goşant goşup, dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlik gazanyp, tugumyzy belentde parlatmaga ruhlanýarlar.
Soltanbibi SARYBAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň usulyýetçisi.