Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy tehnologiýalaryň iň bir öňdebaryjy usullary giňden öwrenilip, täze ösüşlere sary rowaçlyklar gazanylýar. Ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamyna geçilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, häzirki zaman bilim ulgamynyň işini barha ilerledýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy ylym-bilime berilýän ünsi güýçlendirmek, döwlet bilim beriş ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolmak bilen bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli nazary bilen ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmeklige ünsüň güýçlendirilmegi netijesinde ähli pudaklarda, aýratyn-da ylym-bilim ulgamynda uly özgerişleriň gazanylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan kämil hünärmenleriň kemala gelýändigi jemgyýetimiziň ösüşinde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ata Watanymyzyň häzirki ýeten belent derejesinde durmuşyň çalt depginler bilen ösmegi öňde täze wezipeleri goýýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sanly ulgam önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda çykdajylaryň azalmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şundan ugur alnyp häzirki döwürde sanly ulgamyň doly hereket etmegi üçin bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasy talap bolup durýar.
Işleriň şeýle alnyp barylmagy bolsa ýaşlaryň geljekde hünär başarnyklarynyň artmagyna uly ýardam edýär. Bu işleri bitirmekde bolsa sanly ulgamyň ähmiýeti we peýdaly taraplary diýseň ýokarydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle bilimler dünýäsini giňden açyp berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Gadam Baýramow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl magistranty.