8 aýdan soň ilkinji goluny geçirip, “Realy” çärýek finala çykardy

138

Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda Real Madrid myhmançylykda Elçe bilen duşuşdy. Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. Goşmaça wagtda ilkinji bolup hasaby ýer eýeleri – Elçe açsa-da soňlugy bilen madridliler ýeňiş gazanmagy başardy. 103-nji minutda Werdunyň goly bilen Elçe öňe geçse-de, Realyň az çykyş edýän ýyldyzlary madridlilere ýeňiş getirdi. Ilki 108-nji minutda Isko hasaby deňledi. 115-nji minutda Edin Hazar tapawutlanyp, Realy çärýek finala çykardy. Şeýlelikde, Edin Hazar 8 aýdan soň ilkinji goluny geçirdi. Belgiýaly futbolçy soňky gezek 2021-nji ýylyň 9-njy maýynda tapawutlanypdy.

102-nji minutda Realdan Marselonyň, 120+2-nji minutda-da Elçeden Pere Millanyň gyzyl kart alandygyny belläliň.