15-nji fewralda döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara gelen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu gün iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ozal habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlemek Demokratik partiýanyň düýn geçen nobatdan daşary IX gurultaýynda biragyzdan makullanyldy. Gurultaýa delegatlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Forumda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Serdar Berdimuhamedow ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerine eýedir. Ol pespäl hem-de islendik meselä jogapkärçilikli çemeleşýän ukyply hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary hökmünde öz kärdeşleriniň arasynda uly hormata eýe boldy. Gurultaýa gatnaşyjylar ýokary işjeňlige we ahlak häsiýetlerine eýe bolan Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçy wezipelerde gazanan üstünliklerini we tejribelerini nazara alyp, ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak kararyny biragyzdan makulladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.
Wise-premýer bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, özüni ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürländikleri üçin hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň güýjüni, bilimini, tejribesini we ukyp-başarnygyny gaýgyrman bildirilen ynama mähriban halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine amala aşyrylýan anyk işler bilen hötde gelmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.