Bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 79-njy ýy­lyn­da ga­dy­my Rim şä­he­ri Pom­pei We­zu­wiý wul­ka­ny­nyň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe sa­ga­dyň için­de tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly kü­lüň as­tyn­da gal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Pom­pei­de abat­la­ýyş iş­le­ri­ni alyp bar­ýan hü­när­men­ler iki müň ýyl­dan soň, şä­he­riň ozal­ky dur­ku­ny di­kelt­mä­ge ta­gal­la ed­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, abat­laý­jy­la­ryň ta­gal­la­sy bi­len Rim sun­ga­ty­nyň ýa­dy­gär­lik­le­ri ikin­ji öm­rü­ne eýe bol­ýar. Abat­la­ýyş iş­le­ri Ýew­ro­pa gaz­na­sy­nyň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän «The Great Pom­peii Pro­ject» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar. 2016-njy ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Pom­pei­ni abat­la­mak mak­sa­dy bi­len 105 mil­li­on ýew­ro bö­lüp ber­di. Bu ma­li­ýe se­riş­de­si ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri go­rap sak­la­ma­ga hem-de goş­ma­ça ar­heo­lo­gi­ki ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­di.
– Bu ýer­de hem­me za­dyň yz­la­ry­ny bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gö­rüp bol­ýar. Bu ar­heo­log­lar üçin uly tä­ze­lik – di­ýip, Pom­pei­de abat­la­ýyş iş­le­ri­ni alyp bar­ýan ar­heo­log Ales­sand­ro Rus­so aýd­ýar.
Ge­çen ýyl­dan bä­ri eme­li aň­ly ro­bot­lar ar­heo­log­la­ra ow­nuk bö­lek­le­re bö­lü­nen mo­za­ik­le­riň par­ça­la­ry­ny ýyg­na­mak işin­de kö­mek ed­ýär, pi­lot­syz dron­lar bol­sa, ze­rur mag­lu­mat­la­ry guşu­çar be­lent­lik­den su­ra­ta dü­şü­rip alym­la­ra ug­ra­dyp dur­ýar.
Ita­li­ýa­nyň çäk­le­rin­dä­ki bu ga­dy­my şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry hä­zir­ki wagt­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gir­ýär. 1748-nji ýyl­da baş­lan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri hä­zir­ki gün­le­re çen­li do­wam edip, şä­he­riň syr­la­ry­nyň 100 gö­te­ri­me go­la­ýy­nyň üs­ti açyl­dy. Her ýyl­da bu ýe­re mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy ge­lip gör­ýär. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li Ita­li­ýa­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len bu ýe­re sy­ýa­hat­çy­la­ryň ge­lip gör­me­gi üçin çäk­len­dir­me­ler gi­ri­zil­di. Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan bä­ri açyk as­ma­nyň as­tyn­da ýer­leş­ýän go­rag­ha­na­nyň äh­li des­ga­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin bir­nä­çe iş­ler al­nyp baryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de iş­le­ýän ar­heo­log­lar Pom­pei­niň ta­ry­hy geç­mi­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýän tä­sin zat­la­ryň üs­tü­ni açyp, alym­la­ry geň gal­dyr­ýar­lar.