Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanýarlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşyklar jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär.

2-nji mart­da Ma­ry we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan da­laş­gär – Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedowyň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär – Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ry saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy.
Ne­bit­gaz pu­da­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, se­bit­le­riň we ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Pu­da­gyň çig mal bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, şol san­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň tä­ze ýa­tak­la­ry­ny se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek, ata Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne ga­zy­lyp alyn­ýan te­bi­gy baý­lyk­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de teh­ni­ki we teh­no­lo­gik taý­dan en­jam­laş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Mu­nuň özi «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­de «ma­wy ýan­gy­jy» çy­kar­mak, ýyg­na­mak we iber­mek bi­len bag­ly iş­le­ri tu­tuş­ly­gy­na aw­to­mat­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän elekt­roe­ner­ge­ti­ka top­lu­my­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ler. Bu ba­bat­da gel­jek ýyl­lar­da pu­da­gy ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler çalt­lan­dy­ry­lar. Ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de se­bit­ler­de dün­ýä­niň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň en­jam­la­ry or­naş­dy­ry­lan gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ket­le­ri, elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry, paý­laý­jy elekt­rik be­ket­le­ri­ni gur­mak, we­la­ýat­la­ryň we paý­tag­ty­my­zyň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny tä­ze­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ila­ty iş orun­la­ry bi­len üp­jün et­mek me­se­le­si­ne mun­dan beý­läk-de uly üns ber­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, se­bit­de dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar gur­lar, tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ler, ýe­ňil se­na­gat ös­dü­ri­ler.
Te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mek, mi­we we gök-bak­ja önüm­le­ri­niň, dä­nä­niň, pag­ta­nyň, pi­lä­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, do­war­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, oba ho­ja­ly­gyn­da-da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny al­mak, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, eke­ran­çy­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler do­wam et­di­ri­ler.
Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, hu­su­san-da, Ma­ry–Türk­me­na­bat, Ma­ry–Ser­he­ta­bat aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, se­bi­tiň aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň, köp­rü­le­riň we beý­le­ki dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na uly üns ber­ler.

* * *

Şol gün Ak bug­daý et­ra­by­nyň Änew şä­he­rin­dä­ki me­de­ni­ýet öýün­de Le­bap we­la­ýa­tyn­dan ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när mek­de­bi­niň di­rek­to­ry Per­hat Be­gen­jo­wyň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär çy­kyş edip, ýyg­na­nan­la­ry saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy bi­len ta­nyş­dyr­dy. P.Be­gen­jow iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­la­nan ýag­da­ýyn­da, bil­di­ri­len ýo­ka­ry yna­my öde­mek hem-de ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­mek üçin äh­li güý­jü­ni we bi­li­mi­ni gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy. Şun­da 11-nji few­ral­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de ka­bul edi­len Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy mö­hüm gol­lan­ma bo­lar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, san­ly­laş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, hu­su­sy pu­da­gy hö­wes­len­dir­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly we eks­port ugur­ly hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ar­ka­ly, ýur­du­my­zyň ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­ma­ga, şä­her­ler­de we oba­lar­da dü­züm­le­ri top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ler.

* * *

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da bu ýer­de Ma­ry we­la­ýa­tyn­dan ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň «Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň çeş­me­le­ri» yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry Ka­ka­gel­di Sa­ry­ýe­wiň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Du­şu­şyk­da da­laş­gär çy­kyş edip, saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny be­ýan et­di. Hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy bu mak­sat­na­ma­nyň iň mö­hüm ug­ru­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan, Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­dür­mä­ge hem-de se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mä­ge, hal­ky­my­za äh­li ba­bat­da my­na­syp ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler do­wam et­di­ri­ler.
Il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri çöz­mek ba­bat­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi, onuň äh­li pu­dak­la­ry­ny, şol san­da se­na­gat, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy pu­dak­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, iş tej­ri­be­si­ne san­ly ul­gam­la­ry we yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler ama­la aşy­ry­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu mak­sat­na­ma­ny hem-de beý­le­ki gel­je­gi uly me­ýil­na­ma­la­ry­dyr tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de giň göz­ýe­tim­li, bi­lim­li ýaş ýol­baş­çy­la­ra we hü­när­men­le­re esa­sy or­nuň be­ril­me­gi bel­lär­lik­li­dir.

* * *

Şol gün Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň me­de­ni-sport mer­ke­zin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­den ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­ler bo­ýun­ça pro­rek­to­ry, pe­da­go­gi­ka ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty Hy­dyr Nun­na­ýe­wiň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Da­laş­gär saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny be­ýan et­di. Mak­sat­na­ma­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan, ata Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­ne hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny in­no­wa­si­ýa we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ryň dur­nuk­ly ösüş dep­gi­ni­ni sak­la­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hök­mün­de gör­ke­zil­ýär.
Bu gün ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let, se­bit­le­ýin we pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik sep­git­le­re ýet­me­gi­ne we äh­li ul­gam­lar­da zäh­met ýe­ňiş­le­ri­niň ga­za­nyl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň hem-de gol­da­ma­gyň, be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan baý we akyl­ly ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­me­giň, öň­de­ba­ry­jy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ba­şy çyk­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne uly üns ber­ler.

* * *

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da bu ýer­de Ahal we­la­ýa­tyn­dan ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Mak­sat­my­rat Öwez­gel­di­ýe­wiň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Da­laş­gär saý­law­çy­la­ryň öňün­de çy­kyş et­mek bi­len, saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di. Bar bo­lan baý çig mal bin­ýa­dy­ny ne­ti­je­li ulan­mak ar­ka­ly, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, esa­sy pu­dak­lar bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, se­na­gat we gur­lu­şyk top­lum­la­ry­nyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň, söw­da ul­ga­my­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny iş­jeň gol­da­mak, içer­ki hem-de da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­me­giň muk­da­ry­ny art­dyr­mak mö­hüm şert bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň döw­re­bap ul­ga­my­na do­ly de­re­je­de go­şu­lyş­ma­gy bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gör­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, dur­muş ul­ga­my­ny, şol san­da ylym-bi­lim ul­ga­my­ny, me­de­ni­ýe­ti, sag­ly­gy go­raý­şy, be­den­ter­bi­ýä­ni hem-de spor­ty ös­dür­me­giň, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş, zäh­met we dynç alyş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­gyň, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­me­giň, ýaş nes­li saz­la­şyk­ly ter­bi­ýe­le­me­giň, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň me­se­le­le­ri döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bol­ma­gyn­da ga­lar.
Da­laş­gär­le­riň saý­law­çy­lar bi­len bo­lan du­şu­şyk­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry www.zamanturkmenistan.com.tm saý­tyn­dan do­lu­ly­gy­na okap bi­ler­si­ňiz!