2033-nji ýyla çenli Çehiýada kömür bilen işleýän elektrik beketleriniň işi bes ediler. Häzirki wagtda ýurtda ulanylýan energiýanyň 50 göterimi kömürden alynýar. Bu stansiýalaryň ýerine tebigy gazdan ýa-da täzelenýän çeşmelerden peýdalanylar. Beýleki Ýewropa ýurtlarynda kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň sany azaldylýar. Mysal üçin, Italiýa 2025-nji ýyla çenli, Daniýa 2030-njy ýyla çenli kömür bilen «hoşlaşar». Kömürden ýüz öwürmek ÝB-niň 2050-nji ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryndan azat bolmagy gazanmak maksatnamasynyň bir bölegidir. Şonuň üçin olaryň iş tertibini ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine öwürmek ugrunda tagalla edilýär. Maglumatlara görä, Ýewropa ýurtlarynda häzirki wagtda 1990-njy ýyldakydan 60 göterim az kömür ulanylýar.
Oguljeren RAHMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.