Dünýäniň öňdebaryjy edebiýat baýraklarynyň biri hasaplanýan Halkara “Booker” baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy mälim edildi. 50 müň funt sterling pul baýragy bolan baýrak ugrunda 13 kitap dalaşgärlige hödürlendi. Baýrak kitabyň awtoryna hem-de ony terjime edenlere deň derejede paýlanyp berilýär. Şeýle-de, şu ýylky dalaşgärleriň ählisine (başlangyç sanawa adyny ýazdyranlar) – eseriň awtorlaryna hem-de terjime edenlere aýratynlykda 2500 müň funt sterling berler. Geçen ýyl 1000 funt sterling berilýärdi. Uzyn sanawa alnan 13 dalaşgär kitap 12 ýurda degişli bolup, olar 11 dilden terjime edildi.
Halkara “Booker” baýragynyň dalaşgärleri:
“Cursed Bunny” –Bora Çun (G. Koreýa) – koreý dilinden terjime eden Anton Hur
“After the Sun” – Ýonas Eika (Daniýa) – datçadan terjime eden Şerilin Nikolette Hellberg
“A New Name: Septology VI-VII – Ýon Fosse (Norwegiýa) – norweg Damion Sirls
“More Than I Love My Life” – Dawid Grossman (Ysraýyl) – iwrit dilinden terjime eden Jessika Kohen
“The Book of Mother” – Wiolain Huisman (Fransiýa) – fransuz dilinden terjime eden Lesli Kamhi
“Heaven” – Mieko Kawakami (Ýaponiýa) – ýapon dilinden terjime eden Samuel Bett hem-de Dewid Boyd
“Paradais” – Fernanda Melçor (Meksika) – ispan dilinden terjime eden Sofie Hýuz
“Love in the Big City” – San Ýun Park (G. Koreýa) – koreý dilinden terjime eden Anton Hur
“Happy Stories, Mostly” – Norman Erikson Pasaribu (Indoneziýa) – indonez dilinden terjime eden Tiffani Tsao
“Elena Knows” – Klaudia Pinýeiro (Argentina) – ispan dilinden terjime eden Franses Riddl
“Phenotypes” – Paulo Skott (Braziliýa) – portugal dilinden terjime den Daniel Han
“Tomb of Sand” – Geetanjali Şri (Hindistan) – hindi dilinden terjime eden Deýzi Rokwell
“The Books of Jacob” – Olga Tokarçuk (Polşa) – polýak dilinden terjime eden Jennifer Kroft