Gipertoniýa – bu ganyň basyş güýjüniň birsyhly ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykýar. Oňa, esasan, damarlardaky näsazlyk, ýüregiň we böwrekleriň işiniň üýtgemegi sebäp bolýar. Dört fiziki maşk, gipertoniýany ýeňip geçmekde dermanlardan has gowy netije berip biler. Bu barada «Ýewropanyň öňüni alyş kardiologiýasy» žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilýär. Bu ylmy işde pyýada ýöremegiň, ylgamagyň, welosiped sürmegiň we suwda ýüzmegiň, ýokary gan basyşynyň öňüni almakda iň gowy usullardygy tassyklanylýar. Neşirde azyndan 30 minut aerobika maşkyny orta halda ýerine ýetirmek maslahat berilýär.
Şeýle hem barlag geçirijiler duzy, kofeni we alkogolly içgileri azaltmagy, şeýle-de, çilimi taşlamagy we artykmaç agramdan dynmagy maslahat berýärler. Pissäni gündelik iýmitiňe goşmagyň gipertoniýa garşy göreşde, çynlakaý kömek edip biljekdigini belleýärler. Çünki pissede adam bedeninde azot oksidine öwrülýän L-arginin aminokislotasy bolup, öz gezeginde damarlaryň giňemeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup, basyşy azaltmaga ýardam berýär.
Serdar Nepesow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.