29-30-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.
Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.
Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşýanlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär.
Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Gutlagda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenilýär.
«Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi» mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň hatarynda durnukly ykdysadyýeti we ýurtdaky syýasy ýagdaýy hem-de degişli kanunçylyk esasyny görkezmek bolar. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary, ony ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişdeler binýadynyň bardygy bellenildi. Dünýädäki iri «Galkynyş» gaz käni häzirki wagtda uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalar bilen baglylykda, giň gerimde özleşdirilýär. Golaýyndaky «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde «Galkynyş» käniniň gorlary 27,4 trillion kubmetr möçberinde bahalandyrylýar.
2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen hem-de özüne Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý ugry bilen geçýän üç ugurdaş şahany (A,B we С) birleşdirýän Türkmenistan–Hytaý esasy gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň öňdebaryjysy bolup durýar.
Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar.
Plenar mejlisiň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly «СNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti we «PetroChina» kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir.
Soňra forumyň işi «EKSPO–2020» bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen «Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlis guraldy.
Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluхys», «Gaffney Сline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum 30-njy martda öz işini dowam etdi. Oňa gatnaşyjylar «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» atly mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi.