Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, hiç bir ýurduňka meňzemeýän tebigat gözelliklerimiz, depesi ak garly gojaman Köýtendagy, towlanyp akyp ýatan Amyderýa we onuň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary, dinozawrlaryň aýak yzlary, Kyrk gyzyň sudurlary, Gaýnarbaba çeşmesi şeýle-de gadymy we müdimi Köýtendagyň gerişlerinde mekan tutunyp, ençeme müň ýyllyklaryň dowamynda bu ýerde ýaşaýan hyrly şahly dag tekeleri gadymy topragyň genji hazynasyna öwrüldi.

Burma şahly umgalaryň tekeleriniň uzyn we uly burum-burum, aýlawly şahlary bolup, aýlawynyň sany 2-3 aralygynda çenli ýetýär. Geçileriniň hem burum-burum aýlawly şahlary bolup, şahlary tekeleriniňkä garanyňda gysga we inçe bolýar. Gyşyna tüý örtügi gür we uzyn, reňki çal öwüşgünli, tomusky tüý örtügi seýrek bolýar. Tekeleriniň sakgallarynyň uzynlygy 25 santimetre, geçileriniňki bolsa gysgarak bolýarlar. Kelleleri garamtyl, guýrugy gara ýa-da uçlary gara bolýarlar. Uly tekeleriniň agramy 86 kilograma, geçileriniň agramy hem 41 kilograma ýetýär.

Türkmen topragynda hem giňden ýaýrap mesgen tutan bu jandarlar Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan ýaly ýurtlarda hem ýaşaýar. Olar deňiz derejesinden 1500-2000 metr belentlikde arçalyk, gamyşlyk, giň jülgelerde, gaýaly eňňitliklerde, ýeterlik ot-iým bolan ýerlerinde, howpsuz ýaşamak üçin amatly bolan ýerlerde ýaşaýarlar.

1989-njy ýylyň martynda geçirilen sanawda 58-si, 1995-nji ýylda 208-si hasaba alyndy. 1999-njy ýylyň noýabrynda bolsa meýdany 2 müň 500 gektar ýerde 138-i duş gelindi. 2000-nji ýyllarda umumy sany 300-400-e golaýlap, soňky ýyllarda olaryň sany 600-e baryp ýetdi.

Burma şahly umgalaryň biologiki aýratynlyklary dogrusynda söz açylanda bolsa ýylyň köp döwründe tekeleri aýry, geçileri bolsa owlaklary bilen bile gezýärler. Jübütleşmek noýabryň başyndan dekabr aýynyň birinji ýarymyna çenli dowam edýär. Geçileriň göwreli döwri alty aý dowam edip, geçiler aprel aýyndan maýyň başyna çenli 1-2 sany owlaklaýarlar. Owlaklaryny güýze çenli, käte 5-6 aýlap emdirýärler. Iki-üç ýaşda köpelmäge ukyply bolan geçiler 3 ýaşynda tekä gelip başlaýarlar. Olar 8-10 ýaşa çenli ýaşap, otjumak ösümlikler, gyrymsy agaçlaryň we käbir agaçlaryň ýapraklary, inçejik baldaklary bilen iýmitlenýärler.

Burma şahly umgalar 1985-1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Köýtendag döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan gorag işleri güýçlendirilip, olaryň köpelip-örňäp gitmekleri ugrunda möhüm meseleler kesgitlenilip, olaryň sanlaryny anyklamak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Köýtendagyň belent kertlerinde mesgen tutunan Burma şahly umgalar Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleri tarapyndan gorag astyna alnyp ullakan işler alnyp barylýar.

Ýakyn geljekde syýahata gelýänleriň seýrek duş gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna altyn harplar bilen ýazylan Burma şahly umgalar bilen ýakyndan tanyşmaklary, olaryň aýratynlyklary dogrusyndaky baý maglumatlara eýe bolmaklary ugrunda hem döwletli işler alnyp barylýar.

Merdan Jumaýew,

Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hukukçysy.