Singapurly alymlar günebakar poleninden birnäçe gezek ulanyp boljak kagyz öndürmegi başardylar. Häzirki wagtda kagyz öndürmek üçin agaçlar kesilmeli bolýar. Kagyzlar gaýtadan işlenilýän hem bolsa, bu önüme islegiň ýokary bolmagy, onuň köp mukdarda öndürilmegini şertlendirýär. Singapuryň Nanýan tehnologiýa uniwersitetiniň alymlarynyň oýlap tapan kagyzyna ýazylan zady aňsatlyk bilen öçürip bolýar. Hünärmenler şeýle kagyzy öndürmek üçin günebakar polenlerinden millimetr galyňlygyndaky gatlagy emele getirdiler. Bu kagyza adaty printer arkaly hat ýazyp bolýar we suwa batyrylanda hem çap edilen suratlara ýa-da hatlara hiç hili zeper ýetmeýär. Kagyzyň ýüzündäki ýazgylary öçürmek üçin ony aşgarly ergine batyrmak ýeterlik.
Esger HUDAÝNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.