Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri hem gamyşgulak bedewlerdir. Ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-baýramlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr. Behişdi Diýarymyzyň jana tenekar oty-çöpi, melhem suwy, mahmal howasy türkmen tebigatynyň täsinligi bolan bedew atlarymyzyň kemala gelmeginde uly orun tutýar.
Däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy milli senenamamyzda orun alan esasy baýramçylyklarymyzyň birine öwrüldi.
Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrdan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Olar barada rowaýatlar, şygyrlar döredildi, «Asman atlary» diýilýän bedewlerimiz gözelligiň, güýjüň hem-de wepalylygyň nyşany boldy. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilen ahalteke bedewiniň şekiliniň ýurduň milli nyşanynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi tötänden däldir.
Ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap ösdürmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekany hökmünde ykrar edildi. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen atlaryň aýratyn täsin tohumyny döretdiler.
Ýurdumyzda atçylyk pudagy bilen bir hatarda atçylyk sporty hem ösüşiniň belent derejelerine çykýar. At çapyşyklary türkmen toýlarynyň we baýramçylyklarynyň bezegidir. Şowhunly at çapyşyklary, atçylyk sporty boýunça guralýan bäsleşikler ahalteke bedewleriniň hemişe türgenleşdirilen beden taýýarlygynda bolup, uzak aralyklara ýörişlere hem çydamly bolmagyna ýardam beripdir. Biziň günlerimizde sportuň iň gyzykly we özüne çekiji milli görnüşleriniň biri bolan at çapyşyklary uly meşhurlyga eýedir.
Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup geldi.
Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi hem-de tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň subutnamasydyr.
«Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplaryny halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine goýýan çäksiz sarpasy olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende göterýär. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitaplar giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolup, alym-atşynaslar üçin gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi.
Ahalteke bedewi milli we dünýä medeniýetiniň janly taryhy gudraty bolup galmak bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň, maksadaokgunlylygyň we rowaçlygyň nyşanyna öwrüldi.
Döwlet tugramyzda bedewiň şekiliniň ýerleşdirilmegi, milli senenamamyza Türkmen bedewiniň milli baýramynyň girizilmegi, toý-baýramlarymyzda at çapyşyklaryň guralmagy bedewleriň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny subut edýär.
Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän meşhur ahalteke bedewleri bolan Ýanardagyň, Polatlynyň heýkelleriniň gurulmagy halkymyzyň bedew atyna bolan hormatyny we sarpasyny giňden açyp görkezýär.
Aba ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.