Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
Mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi dokma pudagynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony ösüşiň täze belentligine çykarmagyň, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply önümleri köpeltmegiň hasabyna alynýan girdejileri artdyrmak ugrundaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.
Birnäçe döwletleriň hem-de daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy içerki bazarda ýokary hilli dokma önümleriniň bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsdeşlik etmäge ukyply bu toplumyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşleri ýyl-ýyldan artýar. Ýeri gelende aýtsak, önümçiligiň ähli ugurlaryny öz içine alýan döwrebap dokma toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgertmeler bolup geçdi we Türkmenistan pagta çig malyndan taýýarlanan önümleri daşary ýurtlara eksport edýän ýurtlaryň birine öwrüldi.
Bu gün türkmen dokma brendlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň dünýä standartlaryna laýyk gurlan dokma toplumlarynda we täzeden dikeldilip, döwrebaplaşdyrylan fabriklerde öndürilýän matalar, olardan tikilýän taýýar egin-eşikler özüniň milli nyşanlary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Meşhurlygy gün-günden artýan «Bedew» haryt nyşanly jins önümleri, «Bürgüt» haryt nyşanly sport egin-eşikleri, «Gala» haryt nyşanly tikin-örme we trikotaž önümleri, «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri, «Goza», «Wada», «Nusaý» haryt nyşanly hojalyk harytlary we ýene-de ençeme milli nusgalara beslenip öndürilýän önümler türkmen dokmasynyň abraýyny belende göterýän, dünýä bazarlaryndaky ornuny barha giňeldýän brendlerdir. Milli brendleriň üsti ýene-de täze haryt nyşanlarynyň ikisi bilen ýetirildi. Türkmen dünýäsi we taryhy bilen bagly «Jeýtun» hem-de «Mäne» haryt nyşanlary geçen ýyl işe girizilen Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda öndürilýän önümleri bezär.
Türkmen dizaýnerleriniň çeper döredijiligi bilen milli ruhda we döwrebap bezeglere beslenip taýýarlanýan, halkyň gowy gören şol harytlarynyň hatarynda ýaňy dünýä inen bäbejiklerden başlap, dürli ýaşdaky zenanlara we erkeklere niýetlenip tikilen köp görnüşli döwrebap egin-eşikler bar. Dünýäniň ençeme satyn alyjy iri kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanýan önümler ykjamlygy, göze gelüwliligi, endamyňa ýakymlylygy bilen müşderiniň ösen talaplaryna laýyk gelýär.
Harytlaryň halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm şertleriň biridir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen ýurdumyzyň çar künjegine ýaýradylýan we dünýä bazarlaryna çykarylýan egin-eşikleriň nusgalary döredilende, reňkleri saýlanyp alnanda, şekilleri, bezeg işleri ýerine ýetirilende, millilik bilen döwrebaplygyň sazlaşygyna aýratyn üns berilýär.
Gyzylgül Joraýewa,
Türkmenbaşy tekstil kompleksiniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.