Halyçylyk halkymyzyň nepis sungatydyr. Şoňa görä-de, Berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça edilýän tagallalaryň çäginde bäş müň ýyllyk taryhly nepis halylarymyzyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda mynasyp işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň milli mirasy baý taryhy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen öýleriniň törüni bezeýän haly, palas bilen birlikde dürli ölçegdäki we reňkdäki nepis keçelerimiz hem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda keçeleriň döreýiş taryhy barada şeýle bellenilip geçilýär: «Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Muny Goňurdepe köşgüniň ybadathana toplumynda ýüze çykarylan keçäniň bölekleri hem doly tassyklaýar. Bu ýerde tapylan ak keçe köşgüň tutuş ybadathana toplumynyň düşegi hökmünde ulanylypdyr».
Keçeleriň döreýiş taryhynyň gadymy bolşy ýaly, olaryň taýýarlanylyşy-da çylşyrymly, täsin hem-de dürli häsiýetlidir. Şonuň üçin keçe taýýarlamagyň inçe syrlaryny öwrenmek hemmeleri hem gyzyklandyrýan bolsa gerek.
Keçe diňe goýun ýüňünden edilýär. Düýe we geçi ýüňleri dokma üçin ulanylsa-da, keçede ulanylmaýar. Goýunlaryň ýaz paslynda gyrkylan ýüňleri süýüm taýdan uzyn bolýar. Ýaz ýüňi dokmalaryň, keçeleriň dürli görnüşine ýaramlydyr. Ýaz ýüňi haýsy iş üçin taýýarlanylsa-da, ony ilki ýuwmaly, soňra ýüň darakda daramaly. Daralan ýaz ýüňleri süýüm taýdan aşa uzyn bolsa, onda olary entek darakda wagty üç bölege bölmeli. Daran wagtyňda ilki eliňe düşen iri gylly ýüňi aýratyn goýmaly. Güýzde gyrkylan goýun ýüňi özüniň süýüminiň gysgalygy bilen ýaz ýüňünden tapawutlanýar. Güýz ýüňüni ýuwman, saýmaly bolýar. Soňra darakda darap, saýyp peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň wezipesine girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda: «Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär» diýip bellemegi hem-de halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtmagy ählimiziň milli el sungatymyza bolan buýsanjymyzy artdyrdy.
Sähra BAÝRAMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.