«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda häzirkizaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi, ýurdumyzda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» beýan edilýär.
Milli maksatnamada döwletimizde 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň möçberi 188,2 mlrd. manat möçberde meýilleşdirilendir. Pudaklar boýunça jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýynyň 27,8%, oba hojalykda 11,5%, gurluşykda 7,7%, ulag we aragatnaşykda 10,7%, söwdada 20,8% we hyzmatlar ulgamynda 21,5% möçberde bolmagyna garaşylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy ulgamyň milli ykdysadyýetimizi has-da güýçlendirmäge goşandy uludyr. Geçen ýylyň netijeleri boýunça, ýangyç we energetika toplumyny göz öňünde tutmazdan, jemi içerki önümiň 70 göterimden gowragyny hususyýetçileriň önümleriniň düzmegi hem milli telekeçiligiň ykdysadyýetimizdäki paýynyň uludygynyň subutnamasydyr. Bu günki gün milli telekeçilerimiz dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny subut edip, döwletimizi ösüşlerden ösüşlere ýetirýärler.
Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýip belledi.
Häzirki döwürde telekeçiligiň höweslendirilýän esasy ugurlarynyň biri hem oba hojalyk toplumydyr. Häzirki wagtda türkmen daýhanlaryna topraga ideg edip, ondan bol hasyl almak, alnan hasyllary bolsa önüme, haryda öwürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol sanda ýerli maldarlar hem ähli zerur şertler bilen üpjün edilýär. Bu giň mümkinçilikler hususy taraplara ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredip, azyk howpsuzlygyny gazanmak ugrunda ummasyz goşant goşmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys» diýen sözleri obasenagat toplumynda iş alyp barýan telekeçilerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk, azyk we balykçylyk ugurly ýüzlerçe agzasy azyk bolçulygy ugrunda janypkeş zähmet çekýärler.
Olar bazarlarymyzy mal eti, guş eti, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, şöhlat önümleri, çörek we çörek önümleri, konditer önümleri, agyz suwy, alkogolsyz içgiler hem-de miwe şireleri, ösümlik ýagy, gök-bakja önümleri, bugdaý, pagta, gök-bakja, azyklyk däneler, miwe önümleri, gaplanan önümler, ary baly, nahar duzy bilen doly üpjün edýärler. Ýeri gelende bellesek, milli azyk önümlerimiz hiliniň ýokarylygy, tagamynyň datlylygy, tebigylygy, bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanyp, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar. Şonuň üçin içerki bazardan artýan süýji-köke, gök-miwe, bakja, gaplanan gök-miwe önümleri, towuk eti, miwe şireleri, alkogolsyz içgiler, mäş, noýba, nohut, dary, jöwen, künji ýaly azyklyk ekinler, şeýle hem deri, ýüň, miwe önümleri gaýtadan işlenende galýan galyndylar eksporta iberilýär.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsleşige ukyply döwlet bolmak üçin bu ugurda sazlaşykly ösüşi gazanmak ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolup, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin alyp barýan il-ýurt ähmiýetli, umumadamzat bähbitli işleri üstünliklere beslensin!
Ýazgül Ýazbaýewa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmeni.