Ça­ga­lar ha­kyn­da­ky alаda­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tut­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­län ata Wa­ta­ny­myz­da aň-bi­lim taý­dan ösen, ru­hy taý­dan kä­mil, be­den taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mek, ça­ga­la­ra dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim we döw­re­bap ter­bi­ýe ber­mek biz – bi­lim iş­gär­le­ri üçin mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Bu be­lent we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de hem-de döw­re­bap pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, çuň­ňur bi­lim­li, ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de, ýur­du­myz­da­ky we dün­ýä­dä­ki ylym-bi­lim tä­ze­lik­le­ri­ni, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­on tej­ri­be­le­ri­ni mil­li bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dyr­mak­da biz – bi­lim iş­gär­le­ri dö­re­di­ji­lik­li we tu­tan­ýer­li zäh­met çek­ýä­ris.
Bi­lim we ylym adam­zat üçin mü­di­mi ze­rur­lyk bo­lan gym­mat­ly baý­lyk ha­sap­lan­ýar. Ýaş­lar gur­mak, dö­ret­mek, dün­ýä­ni has gö­zel­leş­dir­mek, kä­mil­li­ge ta­rap ös­mek bi­len uly ab­raý-mer­te­be ga­zan­ma­ly­dyr. Şu mak­sat bi­len ders­ler san­ly bi­li­mi ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär hem-de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri, pu­dak­la­ryň ösü­şi­ne we dur­muş ul­ga­my­na tä­si­ri ba­ra­da ça­ga­la­ryň umu­my dü­şün­je­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Hal­ky­my­zyň geç­mi­şi­ni bil­ýän, döw­le­ti­mi­ziň bu gün­ki ýe­ten be­lent­lik­le­ri­ne gu­wan­ýan, buý­san­ýan, ylym­ly-bi­lim­li, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy has-da beý­gelt­mä­ge ukyp­ly ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mek bi­ziň baş mak­sa­dy­myz bo­lup dur­ýar. Yl­ma we bi­li­me da­ýa­nyp, hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­niň we umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň esa­syn­da ça­ga­la­ra bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri kä­mil­leş­dir­ýä­ris. Ter­bi­ýe­çi­lik işin­de, il­kin­ji no­bat­da, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz­dan we bäh­bit­le­ri­miz­den ugur al­ýa­rys. Mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lap we dö­re­dip ge­len ru­hy hem-de mad­dy gym­mat­lyk­la­ry, dur­muş gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýän ýö­rel­ge­le­ri­ni, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­niň güý­jü­ni, asyl­ly maş­ga­la däp­le­ri­ni, ulu­la­ra hor­mat goý­ma­gy, ata-enä­ni sy­la­ma­gy, myh­man­sö­ýer­li­gi, leb­zi­ha­lal­ly­gy, ada­lat­ly bol­mak ýa­ly ýö­rel­ge­ler ça­ga­la­ra be­ril­ýän ter­bi­ýä­niň esa­sy me­se­le­si bo­lup dur­ýar.
Ça­ga­la­ryň so­wat­ly we ýo­ka­ry ter­bi­ýe­li bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni, dün­ýä yl­my­nyň, teh­ni­ka­sy­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň ga­za­nan­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Prezidentimize buý­san­jy­myz art­ýar. Biz – bi­lim iş­gär­le­ri ýaş nes­liň Wa­ta­ny­my­za, hormatly Prezidentimize we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi hem-de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­lim al­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýän hormatly Prezidentimize çäk­siz sag­bol­sun aýd­ýa­rys, hormatly Prezidentimiziň ja­ny­nyň sag, ba­şy­nyň dik, il bäh­bit­li, ýurt äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­ri­niň el­my­da­ma ro­waç al­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Ta­wus Nu­ry­ýe­wa,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky 16-njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.