Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bilen bir hatarda sebitlerimiziň hem ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Olaryň mysalyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegine berilýän ünsden hem görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Hazaryň kenarynda «Rowaç» kottejler toplumy ulanylmaga berildi. Bu iri taslamanyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyrylmagy bolsa has-da buýsandyryjy wakadyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri uly kuwwata eýe bolmak bilen, dürli pudaklarda netijeli zähmet çekýärler. Soňky ýyllarda milli işewürlerimiziň gurluşyk pudagyndaky ösüşleri has-da rowaçlanýar. Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalardyr desgalary gurýan türkmen telekeçileriniň bina edýän ymaratlary bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşlerine mynasyp goşant bolup, zamanamyzyň şanyny äleme äşgär edýär.
Hususy gurluşykçylarymyz döwrümiziň beýik gurluşyklaryndan bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap dynç alyş düzüminiň kemala gelmegine hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmen telekeçileriniň yhlasly zähmetinden bina bolan bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply hem-de 240 maşgala niýetlenen täze kottej şäherçesi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. Sebäbi bu toplum öňdebaryjy tehnologiýalardan hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütlerden peýdalanylyp, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Munuň özi hususy işewürlerimiziň döwrüň talabyndan ugur alyp, dünýä ülňülerindäki binalary döretmäge ukyplydyklaryny ýene bir ýola subut etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän hemmetaraplaýyn ösüş we özgertmeler syýasatynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň baý tebigy çig mal gorlaryna, döredilen infrastruktura amatlyklaryna, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de döwrebap tehnologiýalara esaslanyp, kämil önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek we döwlet tarapyndan goldamak babatda wezipeler bellenendir.
Hususy ulgama berilýän yzygiderli goldawlaryň netijesinde oba hojalyk we azyk önümçiligi bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sany ýylsaýyn artýar. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän senagat kärhanalary, zawodlar gurlup, täze önümçilikler işe girizilýär. Bu gün sarp ediş bazarlarymyz öz öndürýän azyk önümlerimiz bilen üpjün edilýär, hatda ýokary hilli bäsdeşlige ukyply harytlarymyz daşarky bazarlarda mäkäm ornaşýar, täze bazarlar özleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen telekeçiligiň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli berkidilýär. Birleşmäniň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän agzalary ýeňillikli şertler esasynda dünýäniň meşhur «John Deere» kompaniýasynyň iň kämil we häzirki zaman traktorlarynyň, kombaýnlarynyň, oba hojalyk abzallarynyň we tirkeg gurallarynyň hakyky eýeleri bolýarlar.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda hususy pudagyň mümkinçilikleri giňden ulanylyp, hususyýetçilerimize hemmetaraplaýyn goldawlar berilýär. Ykdysady we telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalary döwrüň talabyndan ugur alnyp, yzygiderli kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň sebitlerinde gaýtadan işleýän we ahyrky önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmek bilen bir hatarda, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de häzirki zaman durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşyklaryny hem amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň telekeçilerine bildirýän uly ynamyndan nyşandyr hem-de türkmen işewürleriniň has-da jogapkärli we netijeli zähmet çekmeklerine itergi berýän egsilmez güýçdür.
Milli ykdysadyýetimizde hususy bölegiň tutýan paýynyň ýokarlanmagy, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem-de ýurdumyzda hususyýetçiligiň erkin ösdürilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldawlary berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Ogultäç NURÝAGDYÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.