Germaniýanyň Wuppertal şäherinde gurlan «Wuppertal Schwebebahn» dünýäniň ilkinji asma elektrik demir ýoly hasaplanýar. Doly ady «Einschienige Hängebahn» bolan demir ýoluň gurluşygyna 1898-nji ýylda başlanýar. 1901-nji ýylyň 1-nji martynda Wuppertal ugry açylyp ulanylmaga berilýär. Galan böleginiň gurluşygy 1903-nji ýyla çenli dowam etdirilip, täze beketler peýda bolýar. Demir ýol ulgamy Barmen, Elberfeld, Wohwinkel şäherlerini Wuppertal şäheri bilen birleşdirmek maksady bilen guruldy.
Asma demir ýoluň uzynlygy 13,3 kilometr bolup, onuň 10 kilometri Wupper derýasynyň üstünden geçýär. Galan bölegi 8-12 metr belentlikden şäherdäki köçeleriň we jaýlaryň üstünden geçip gidýär. Jemi 20 bekedi bolan ýerden ýokardaky polat gurluş arkaly ýylda ortaça 25 milliona golaý ýolagçy gatnadylýar. Işe girizilenine 121 ýyl bolan jemgyýetçilik ulagyny VRR kompaniýasy dolandyrýar. Ýokary tizligi 60 kilometre ýetýän otly bilen ilkinji beketden soňky bekede 30 minutda gelip bolýar. Ýokarda hereket edýän jemgyýetçilik ulagy şäheriň owadan ýerlerini synlamaga mümkinçilik berýär. Demir ýol wagonynyň uzynlygy 24 metre barabar bolup, jemi 178 ýolagçy sygýar.
Asma demir ýoly bir asyrdan hem köpräk taryhynyň dowamynda birnäçe gezek işini togtatmaly bolýar. Demir ýoly ýokarda saklaýan könelen sütünleriň çalşyrylmagy, wagonlaryň täzelenmegi, demir ýol ulgamynyň düýpli abatlanmagy munuň esasy sebäpleridir. 2015-nji ýylda «15-nji nesil» diýlip atlandyrylýan täze demir ýol ulagy sargyt edilýär we 2016-njy ýylyň dekabryndan işe başlaýar.
Wuppertal şäherinde o diýen belentde bolmadyk asma demir ýoluny gurmak baradaky pikir has ir – 1824-nji ýylda orta atylýar. Ilkibaşdaky meýilnamada demir we kömür ýaly ýükleriň daşalmagy maksat edinilen demir ýol ulagyny atlar çekmelidi. Emma wagtyň geçmegi bilen meýilnama üýtgedilip, ýolagçylara niýetlenen otly ýollarynyň birnäçe şahasy peýda bolýar. Wuppertal asma demir ýoly bolsa, elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşde gurulýar.