Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, öz dost­la­ry we hyz­mat­daş­la­ry üçin he­mi­şe açyk­dyr. Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän deň­hu­kuk­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak we gi­ňelt­mek üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz şeý­le hem Ar­ka­la­şy­gyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny, onuň hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my we se­bit me­se­le­le­ri­ne oňyn tä­si­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­tan şu se­bit gör­nü­şin­dä­ki däp bo­lan gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly bol­mak bi­len, GDA ag­za döw­let­le­riň äh­li­si bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Ata Wa­ta­ny­myz özü­niň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, Arkala­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýär. Ýur­du­my­zy GDA döw­let­le­ri bi­len däp bo­lan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, ys­ny­şyk­ly ta­ry­hy-me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bag­la­nyş­dyr­ýar. Mu­nuň özi öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ösdürmek, onuň ma­ny-maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak üçin pug­ta esas bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýurdumyzda GDA-nyň mö­hüm du­şu­şyk­la­ryň, fo­rum­la­ryň we dür­li çä­re­le­riniň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ýur­du­myz ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge çal­şyp, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze, wa­jyp usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk tek­lip­le­ri yzy­gi­der­li öňe sür­ýär.
Şu ba­bat­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň stra­te­gik yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da Jar­na­ma­ny aý­dyň my­sal­la­ryň bi­ri hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Bu tag­ly­mat­la­ýyn res­mi­na­ma­nyň Ar­ka­la­şy­gyň 2019-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­ny­lan­dy­gy­ny hem-de ka­bul edi­len­di­gi­ni ýat­lat­ma­ly­dy­rys. Şol sam­mi­tiň ge­çi­ri­len ýy­lyn­da ýur­du­myz GDA-da baş­lyk­lyk et­di. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li Stra­te­gi­ýa­sy hut ýo­kar­da ag­za­lan Jar­na­ma­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar.
2012-nji, 2019-njy ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan GDA baş­lyk­lyk et­mek bi­len, GDA-nyň ag­za ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dä­be öw­rü­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge, umu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­di. Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl­da GDA baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de 15-16-njy maý­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň XIV fo­ru­my we 31-nji maý­da paý­tag­ty­myz­da GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­tan GDA-nyň çäk­le­rin­de me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek ba­bat­da kö­pu­gur­ly sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bu ugur­da 2012-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň Ma­ry şä­he­ri­niň, 2016-njy ýyl­da bol­sa Da­şo­guz şä­he­ri­niň GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň hem mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ne­bit-mi­ne­ral önüm­le­ri, su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz, po­lie­ti­len we on­dan taý­ýar­la­nan önüm­ler, pag­ta sü­ýü­mi, ma­ta we ýüp­lük­ler, taý­ýar dok­ma önüm­le­ri, ýüň, mal ýag­la­ry, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri we onuň gaý­ta­dan iş­le­nen birnäçe gör­nüş­i Türk­me­nis­ta­nyň GDA ýurt­la­ry­na eks­port ed­ýän esa­sy önüm­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Öz no­ba­tyn­da teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry, elekt­rik ma­şyn­la­ry we en­jam­la­ry, ulag se­riş­de­le­ri we ola­ryň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry, de­mir önüm­le­ri, agaç we agaç önüm­le­ri, dür­li gör­nüş­li gur­lu­şyk önüm­le­ri, me­bel, kau­çuk, re­zin we on­dan taý­ýar­la­nan önüm­ler, far­ma­sew­ti­ka ha­ryt­la­ry, dö­kün­ler we hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň beý­le­ki önüm­le­ri, dä­neli ekin­le­ri we olar­dan alyn­ýan önüm­ler, giň gör­nüş­li azyk önüm­le­ri GDA ýurt­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­na ge­ti­ril­ýär.

Hem­ra KA­KA­JA­NOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Jem­gy­ýet­çi­lik ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my