Ýur­du­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri bi­ziň her bi­ri­mi­zi gu­wan­dyr­ýar, buý­san­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler ýur­du­my­zy dün­ýä meş­hur ed­ýär. «Halkyň Arkadagly za­ma­na­sy» ýy­ly­n­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek üçin be­ýik iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek has-da ýa­kym­ly­dyr.
Met­jit gur­mak hem ýol çek­mek, köp­ri we beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak ýa­ly asyl­ly iş­dir. Soň­ky ýyl­lar­da döw­re­bap met­jit­ler, paý­tag­ty­myz­da bol­şy ýa­ly, Ma­ry, Da­şo­guz, Le­bap we Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň mer­kez­le­rin­de, kä­bir şä­her­ler­de, et­rap­lar­da hem gu­rul­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze mer­ke­zin­de döw­re­bap met­ji­diň gu­rul­ma­gy yn­san­per­wer­li­giň be­lent nus­ga­sy­na öw­rü­ler. Met­jit kö­ňül tä­miz­li­gi­niň bi­na­sy bo­lar. Bu ýer­de asyl­ly däp-des­sur­lar ber­jaý edi­ler.

Hal­ky­myz­da met­jit mu­kad­des ýer ha­sap­lan­ýar. Ol päk ni­ýet­le­riň, bi­rek-bi­re­ge bo­lan hoş­me­ýil­li gat­na­şyk­la­ryň ny­şa­ny, ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň edil­ýän ýe­ri. Hormatly Arkadagymyzyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz hal­ky­my­zyň me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na be­lent sar­pa goý­ýar, ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­rdir däp­le­ri­ni baý­laş­dyr­mak ug­run­da buý­san­dy­ry­jy iş­le­ri alyp bar­ýar.
Türk­men hal­ky öz mil­li däp-des­sur­la­ry­ny, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny asyr­lar­bo­ýy sak­lap we go­rap gel­ýär. Ys­lam di­ni hal­ky­my­zyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de jem­gy­ýe­tiň azat­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň er­kin we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­me­k özyg­ty­ýar­ly döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Sa­ha­wat­ly Ahal top­ra­gyn­da tä­ze met­ji­diň gu­rul­ma­gy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­le­ri­niň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň we ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy­dyr. Ys­lam di­ni adam­la­ry ha­lal­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge, päk ýü­rek­li­li­ge, ýag­şy­ly­ga ça­gyr­ýar.
Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Şon­da we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de gu­rul­jak tä­ze met­ji­diň ýer­leş­jek ýe­ri kes­git­le­nil­di. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len yzy­gi­der­li ta­nyş­ma­gy ýur­du­myz­da gur­lu­şyk iş­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­de do­wam ed­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de gur­mak, dö­ret­mek ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz my­na­syp ös­dü­ril­ýär. Mu­ny gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik iş­le­rin­de hem aý­dyň gör­ýä­ris. Esa­san hem aja­ýyp hem-de döw­re­bap bi­na­la­ryň türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry, te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­rul­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­lä­si­miz gel­ýär. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de gu­rul­jak tä­ze met­ji­diň tas­la­ma­la­ry­na ga­ra­dy. Şon­da tä­ze met­ji­diň ýer­leş­jek ýe­ri­ne, onuň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da 2009-njy ýyl­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň baş met­ji­di, 2015-nji ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň baş met­ji­di, 2018-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­ri­nde täze met­jit, 2020-nji ýyl­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň baş met­jit­le­ri açyl­dy. Tä­ze met­jit­le­riň gur­lu­şy­gy­ny ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry bo­lan hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şyk­çy­la­ry öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, döw­re­bap gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak bi­len bi­na et­di­ler. Bi­na­gär­li­giň iň go­wy usul­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän met­jit­ler di­ňe bir daş­ky we iç­ki gö­zel­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­man, daş-tö­we­re­gi­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy, agaç na­hal­la­ry eki­len ýa­na­şyk ýer­le­ri bi­len hem özü­ne çek­ýär.
Mu­sul­man dün­ýä­sin­de met­jit­le­riň yl­myň we bi­li­miň il­kin­ji mer­kez­le­ri, jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň top­lanan ýer­i bo­lan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Gahryman Arkadagymyzyň çy­kyş­la­ryn­da bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň häzir­ki gü­nü­miz hem-de gel­je­gi­miz yn­san­per­wer­lik ka­nun­la­ry we şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mi­ras go­ýan be­lent ah­lak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­rul­ýar.
Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za be­lent sar­pa goý­ýan, öten-ge­çen­le­ri ha­ty­ra­la­mak ýa­ly so­gap­ly iş­le­ri göw­ne­jaý ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Arkadagly Serdarymyzyň, her bir ädi­min­de ne­sil­le­re gö­rel­de­lik iş­le­ri bi­tir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-gü­nüň aba­dan ýa­şaý­şy ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç al­syn.

Nur­ly HU­DAÝ­WE­RE­NOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my