Ispaniýada isleg bildirýänleriň ählisine tutuş bir obanyň eýesi bolmak mümkinçiligine eýe. Kastiliýa we Leon sebitleriniň çatrygynda ýerleşýän Salto-de-Kastro obasynda indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri hiç kim ýaşamaýar. Şoňa görä-de oba satuwa çykaryldy.

Obanyň häzirki eýeleri ony syýahatçylyk desgasyna öwürmegi maksat edinipdirler, emma olaryň bu niýeti 2008-nji ýylyň maliýe çökgünlikleri sebäpli başa barmandyr. Salto-de-Kastro obasynyň bahasy Madriddäki bir ortaça öýüň bahasyna, ýagny, 240 müň ýewro deň. Satuw başa baran halatynda bu obadaky 44 bina, şol sanda, garbanyşhana, buthana we mekdep täze eýeleriniň ygtyýaryna geçer. Bulardan başga-da obada myhmanhana, aşhana, raýat goşunlarynyň köne ýatak jaýlary, howuz we sport meýdançalary bar. Olaryň ählisi-de 1989-njy ýyldan bäri ulanylman ýatyr. Obanyň täze eýeleri ýerli we merkezi häkimiýetlerden ýeňilliklere bil baglap bilerler.

Oba Portugaliýa bilen serhetden uzakda bolmadyk, döwlet tarapyndan goralýan Arribes-del-Duero tebigy goraghanasynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýer şäher durmuşyndan ýadap, dynç almak isleýänleriň arasynda giňden meşhurdyr.