Türkmenler dünýä medeniýetiniň, ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri has gadymy döwürlere degişli bolup, ol binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galan ençeme rowaýatlar geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Ol rowaýatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitaplarynda örän gyzykly beýan edilýär.
Şu aýda ýurdumyzda geçiriljek «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahaty hem medeni ýadygärliklerimiziň dünýä ýaýylmagynyň subutnamasy bolar. Garaşsyzlyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine hem giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa häzirki türkmen döwletiniň berk taryhy binýat esasynda gurulýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmen halkynyň dünýäniň çar künjüne ýaýran baý geçmiş taryhy, egsilmez ruhy hem medeni gymmatlyklary bar. Türkmen galalary hakyndaky kyssalar we rowaýatlar medeni gymmatlyklarymyzyň bir bölegi bolup, taryhy öwrenmekde hem gözli çeşmedir. Ata-babalarymyz başdan geçiren dürli wakalaryny we hadysalaryny rowaýat edip, dilden-dile geçirip biziň döwrümize ýetiripdirler.
Türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhynda ýüzlerçe, müňlerçe galalar gurlupdyr. Margiana, Nusaý, Änew, Amul, Dehistan, Sarahs ýaly şäherler dünýä ýüzünde meşhur medeni merkezler bolupdyr. Şeýle galalaryň köpüsi ýitip gidipdir, ýöne şol galalar hakynda dessanlarymyzda, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyr setirlerinde ýatlanyp geçilýär, olar hakda birnäçe rowaýatlar döredilipdir.
Ençeme döwürleriň we ençeme wakalaryň şaýady bolan Ürgenç, Nusaý, Merw, Amul ýaly medeni-taryhy ýadygärlikler hasaplanýan galalar we şäherler geçmişde il-güni daşky duşmanlardan goramakda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Ol galalar we şäherler mongol basybalyjylarynyň ýörişlerinden soň ýykylypdyr. Galalar hakyndaky türkmen rowaýatlarynda we kyssalarynda taryhy hem-de çeper hakykatyň beýany saklanýar. «Gyzgala», «Hysrowgala», «Şasenemiň galasy», «Garaseňňer galasy», «Döwkesen», «Tumarlynyň galasy» we beýleki birnäçe galalar hakyndaky rowaýatlarda diňe bir galalar, şäherler, kentler hakynda däl, eýsem, şol döwrüň taryhy hadysalary, medeni we ruhy derejesi hem saklanýar.
Türkmenistanyň taryhy ýerlere baý künjekleriniň biri hem gadymy Daşoguz topragydyr. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň gadymy we baý mirasynyň genji-hazynasyny gursagynda saklap oturan ajaýyp mekandyr. Welaýatyň çägindäki türkmen sazynyň piri Aşyk Aýdyň piriň aramgähi, Şasenemiň galasy, Akja gala, Ybraýym Edhem galalar toplumy ýaly mukaddes ýerler daşary ýurtlularyň, öz ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu gadymy toprakda Abu Reýhan Biruni, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Pälwan, Aşyk Aýdyň pir, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly Gündogaryň beýik alymlary we meşhur şahyrlary ýaşapdyrlar. Beýik alymlara bu ýerde düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilipdir. Olar dünýä ylmynyň hem-de medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyrlar, halkymyzyň şan-şöhratyny belende göteripdirler.
Gadymy döwrüň çeper ýadygärligi bolan oguz dessanlarynda, galalar hakyndaky gadymy kyssalarda we rowaýatlarda belli bir derejede taryhy hakykatyň çeper beýany bar. Şoňa görä-de, türkmen kyssalarynda we rowaýatlarynda taryhy maglumatlar, seneler, hadysalar halk döredijiligine mahsus edebi-çeperçilik tärler, çeperçilik serişdeler esasynda beýan edilýär.
Taryhy wakalar hem-de taryhy şahslar bilen baglanyşykly rowaýatlara «Garaseňňer galasy», «Soltanýaz begiň galasy», «Abdyllahan galasy», «Magtymgala», «Ýartygala», «Baragyz», «Hysrowgala», «Bedirkent galasy» baradaky rowaýatlar degişlidir.
Galalar hakyndaky rowaýatlar nesilden-nesle geçip, has çeperleşipdir. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişinde öçmejek yz galdyran, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan ylym-bilimiň mesgeni hökmünde bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan ýerleriň ýene biri hem Köneürgençdir. Beýik akyldarlary orta çykaran gadymy Köneürgenç diňe bir ylmyň, medeniýetiň ösen ýeri bolman, eýsem, bu toprak özüniň ajaýyp binagärçilik sungaty bilen hem uly meşhurlyga eýedir. Köneürgenç şäheri dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly syýahatçylaryň we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi umumadamzat ýaşaýşynyň ähli döwürleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrülen Köneürgenjiň gadymy ýadygärlikleri geçmişden habar berýär.
Medeni miras türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr. Medeni miras gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamydyr, ertirine ýol çelgisidir. Mahlasy, medeni miras türkmeniň geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr.
Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat däpleriniň adalaty, erkinligi, agzybirligi, mertligi we bitewüligi wasp etmedik döwri bolan däldir. Bu gün şol asylly däpler biziň beýik Garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, röwşen ertiriniň mukaddes umytlary bilen birleşip, türkmen abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegine hyzmat etmelidir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak babatynda welaýatlaryň çäklerinde degişli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagy dowam etdirýär. Milli gymmatlyklarymyzyň, taryhy ýadygärliklerimiziň abraýynyň has-da belende galmagy halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz sarpalanýar we ösdürilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ruhy baýlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şemşat Çaryýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.