Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýady bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara hukugyň we diplomatiýanyň üýtgewsiz ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň oňyn tejribesini özünde jemleýär. Wagtyň görkezişi ýaly, Bitaraplyk derejesini kabul etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy Milletler Bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli çözgüt boldy. Dünýädäki wakalaryň çalt we çylşyrymly özgerýän şertlerinde ýurdumyz özüniň oňyn bitaraplygyny yzygiderli pugtalandyryp, halkara gatnaşyklaryň durnukly ösýän agzasydygyny iş ýüzünde subut etdi. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirildi. Munda döwletara gatnaşyklaryň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň tertipnamasynyň ýörelgeleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde iň ýokary derejede ykrar edilmegini gazandyrdy.

Berkarar döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara dostlukly hyzmatdaşlyga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak biziň döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiz dünýäde asudalygy pugtalandyrmak hem-de, ýüze çykýan düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen aradan aýyrmak ýaly jogapkärli wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, bitaraplyk düşünjesiniň täze mazmunyny ýüze çykardy. Bitaraplyk syýasaty dawaly meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşma hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanşyklydyr.

Türkmenistan ösüş ýolunda oňyn Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagy, ilki bilen, dünýä döwletleriniň bähbidine laýyk gelýän teklipleri we başlangyçlary öňe sürmeginde şöhlelenýär. Çünki türkmen halkymyz goňşy döwletler bilen ylalaşyklykda ýaşamaga, dost-doganlyk hem-de deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyz: «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmegiň we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir» diýip belleýär. Bu bolsa ýurdumyzda durnukly ösüşiň saklanýandygyndan we dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeler Garaşsyzlygymyza we hemişelik Bitaraplygymyza aýratyn öwüşgin berýär.

Türkmen halkymyz hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz ynsanperwer syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary üstüne aldy we ony üstünlikli berjaý edýär. Şeýle hem beýleki döwletler bilen, dostluga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürýär we olar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty işjeň durmuşa geçirýär.

Konstitusiýamyzyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndürmek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär» diýip bellenilýär. Bu gün Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde ýurduň geljekki ösüşiniň binýadyny tutmak we halkyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýurdy abadanlaşdyrmakda we senagatlaşdyrmakda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmekde amatly şertleri üpjün edýär. Türkmenistan gün-günden güýçlenip, sebitde we bütin dünýäde özbaşdak ösüşiň üýtgeşik nusgasyna eýe bolan ägirt uly mümkinçilikli, güýçli depginde ösýän, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkidýän döwlet hökmünde tanalýar.

Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygy dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly aragatnaşyklary ösdürmeklige gönükdirilendir. Şu işleri türkmen döwleti dünýä döwletleridir halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýar. Bu halkara gurama agza bolan ilkinji gününden Türkmenistan öz syýasatyny umumadamzat bähbitlerini, türkmen halkynyň milli bähbitleri bilen utgaşdyrmagyň esasynda guramaga girişdi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan işlenip düzülen halkara konwensiýalara, jarnamalara, ylalaşyklara goşulyp, olarda beýan edilen düzgünleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün edip gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanasynyň, ýurdumyzda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekilhanasynyň döredilmegi olaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we işjeň amala aşyrmaga amatly şertleri döredildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy halkara gatnaşyklarynyň we dünýä diplomatiýasynyň taryhynda iň ilkinji resminama bolup, Garaşsyz Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanandygyna we ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda biragyzdan kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ikinji Kararnamasy bolsa bitaraplygyň türkmen nusgasynyň  20 ýyllyk parahatçylygy dörediji tejribesiniň ykrarnamasy bolup durýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň bu barada kabul eden iki sany Rezolýusiýasy esasynda berkidildi, şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz aýdyň beýanyny tapdy. BMG-niň Baş Assambleýasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, Ýer ýüzünde durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň tutýan ägirt uly ornunyň ählumumy ykrar edilýändigini ýene bir ýola tassyklady.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty diňe bir öz halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşlerine, halkymyzyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýä döwletleriniň halklarynyň birek-birege hormat goýup, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen abadan, asuda parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmegi nazarlap, eziz Türkmenistan döwletimiziň hukuk binýadynyň sarsmaz sütüni bolup hyzmat edýär.

Şahnoza JUMAŞOWA,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy.