Günorta Koreýada adamyň ýaşyny hasaplamakda däp bolan düzgünleriň ýerine halkara usullara geçiler. Ýurtda ulanylýan dürli ýaş hasaplamak düzgünleriniň ýatyrylyp, halkara düzgünleriň ýola goýulmagy baradaky teklip ýurduň milli parlamentinde kabul edildi. Täze düzgün geljek ýylyň iýunyndan başlap güýje giriziler. Bu düzgüniň güýje girmegi bilen ýurduň raýatlarynyň ýaşy 1-2 ýaş “kiçeler”. Häzirki wagtda Günorta Koreýada bir-birinden tapawutly üç sany ýaş hasaplamak ulgamyndan peýdalanylýar. Gadymdan dowam edip gelýän bu düzgünleriň birinde bäbek dünýä inen güni 1 ýaşynda diýlip hasap edilýär hem-de her ýylyň 1-nji ýanwarynda ýene bir ýaş ulalandygy kabul edilýär.
Beýleki bir usulda bolsa, çaga doglanda ýaşy nol diýlip kabul edilýär we her ýylyň 1-nji ýanwarynda bir ýaş “ulalýar”. Bu usul, esasan, kämillik ýaşyny hasaplamakda peýdalanylýar.
Şeýle-de bolsa, ýurtda adatdaky ýaly, çaganyň doglan gününden başlap, her bir ýyl geçenden soňra bir ýaş ulalýandygy hasap edilýän hasaplamadan hem peýdalanylýar. Dürli-dürli ýaş hasaplamak usullarynyň bolmagy raýatlaryň lukmançylyk we beýleki hyzmatlardan peýdalananlarynda düşünişmezlige sebäp bolýar. Halkara standartlara geçilmegi bilen, bularyň öňi alnar.