Geçirilen barlaglaryň birinde howanyň maýlamagy netijesinde Demirgazyk polýusda ýagynyň has köp ýagýandygy anyklandy. Buzluk sebitde howanyň üýtgemegi bilen gar, ýagyş we jöwenek has köp ýagýar. Alýaskanyň Feýrbanks uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlagynda 1950-nji ýyldan bäri sebitde ýagynyň mukdary ilki 10 göterim, soňra 15 göterim artypdyr. Geçirilen barlagda yssy howanyň artmagy sebäpli ummanyň ýüzündäki buz gatlagy has köp Gün şöhlesine sezewar bolýar. Bu bolsa has köp bugarmaga sebäp bolýar. Netijede, ýagynyň mukdary artýar. Barlagda 2021-nji ýykyň noýabryndan şu ýylyň sentýabryna çenli aralykda soňky 72 ýylyň üçünji iň yssy ýyly hasaba alnypdyr. Ýagýan ýagşyň gary eredýändigi, munuň bolsa kähalatda garyň has çalt eremegine getirýändigi bellenildi.
Hekim Garagulow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.