Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda elektron zyňyndylary azaltmak maksady bilen kiçi elektron enjamlaryň birmeňzeş zarýad ulgamly bolmagy baradaky düzgün 2024-nji ýylyň güýzünde güýje girer. Bu baradaky kanun metbugatda çap edildi. Sebit ýurtlary köp wagtdan bäri bu ugurda iş alyp barýarlar. Munuň üçin kanunçylyk teklibi taýýarlanyp, degişli edaralar tarapyndan kabul edildi. Şeýlelikde, USB-C, “Micro USB” we “Lightning” ýaly dürli zarýad beriji ulgamlar standartlaşdyryp, diňe biri ulanylar. 2024-nji ýyldan başlap, smartfon, planşet we kamera ýaly elektron enjamlarda USB-C zarýad ulgamy ulanylar. Bu düzgüniň dürli zarýad berijileri öndürmek we satyn almak zerurlygynyň aradan aýrylmagy bilen zyňyndylary azaltjakdygy we sarp edijilere peýdaly boljakdygy bellenilýär. Geljekde bu düzgüniň kompýuterler we beýleki has uly elektron enjamlar üçin hem güýje girizilmegine garaşylýar.
Wepa Tenjimow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









