Adamzat ýaşaýşynda irki döwürlerden bäri dürli ugurlarda itiň hyzmatyndan peýdalanylyp gelinýär. Itiň käbir görnüşi ýiten zady tapmakda, gorag maksady bilen saklanýan bolsa, käbiri ýük daşamakda, halas ediş işlerinde adamlara ýakyndan kömek edýär. Sowuk howaly şertlerde ulag serişdeleriniň hereket etmeýän ýa-da barmaýan ýerlerinde lyža çekip barýan itler baradaky täzelikleri, kinofilmleri hem gören bolsaňyz gerek. Eýsem, itleriň islendik görnüşi lyža çekip bilýärmi, olar sowukda nädip hereket edýär?! Geliň, itli lyža hem-de tirkeg çekýän itler baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!
Itli lyža buzuň ýa-da garyň üstünde dolandyryjynyň buýrugy esasynda itleriň tirkegi çekmegi arkaly amala aşyrylýar. Dünýäniň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary ulag serişdesiniň bu görnüşine güýz hem-de gyş möwsüminde bil baglaýarlar. Olaryň kömegi bilen iýmit üpjünçiligi, poçta we derman serişdeleri daşalýar. Sagatda 32-40 kilometr tizlik bilen hereket edýän tirkegi geçilmeli ýoluň uzynlygyna, eltilmeli ýüküň agramyna baglylykda 4-20 töweregi it çekýär. Ýük çekijiler jübütleýin düzülip, käbirinde tirkegiň öňüni çekýän ýolbelet hem bolýar.
Lyžaly syýahat we tirkegli ýaryşlar
Köp ýurtda dynç alyş maksady bilen geçirilýän gyşky sport görnüşleri bilen bir hatarda, itli lyža hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Ýewropa ýurtlarynda giňden ýaýran itli lyžalar, esasan, syýahatçylyk maksady bilen ulanylýar. Gyşyna Ýewropa gelýän jahankeşdeler 2-6 sany itiň çekýän ulagy arkaly dag tebigatyny, buzluklary synlamaga mümkinçilik alýarlar. Mundan başga-da, dünýäniň sowuk sebitlerinde (Kanada, Alýaska, Grenlandiýa, Norwegiýa, Russiýa) itli lyža ýaryşlary hem guralýar. Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden gelenler Alýaskada geçirilýän «Iditarod Trail Sled Dog» ýaryşyna gatnaşýarlar. Dünýäniň iň meşhur it ýaryşlarynyň biri bolan «Iditarod Trail Sled Dog» 15 günüň dowamynda 5 pellehananyň aralygynda geçirilýär. Ýaryşa gatnaşýan tirkegli toparlar 12-14 itden düzülýär.
Tirkeg çekýän demirgazykly itler
Tirkeg çekýän tohum itler müňlerçe ýyl ozal demirgazykly ýerli ýaşaýjylar tarapyndan seçilip alnypdyr. Itler ilkibaşda ululygyna, güýjüne we çydamlylygyna görä saýlanan hem bolsa, häzirki wagtda bäsdeşlik esasynda tizligine görä saýlanýar. Bu, esasan hem, itli ýaryşlara degişlidir.
It tirkeginde iň köp ulanylýan it Alýaska haskisidir. Itiň bu tohumyny Alýaskanyň ýerli ýaşaýjylary bolan inuitler irki döwürden bäri peýdalanýarlar. Adatça agramy 18-34 kilograma ýetýän itiň bu görnüşi dykyz hem-de ýumşak sütügi bilen tapawutlanýar. Alýaskanyň ýaşaýjylarynyň ösdürip ýetişdirýän galyň sütükli, güýçli aýakly hem-de ýük çekmäge ukyply itiniň ýene bir tohumy Alýaska malamuty hasaplanýar. Agramy 36-55 kilogram töweregi bolýan malamut ýük çekijiligi bilen tapawutlanyp, ekspedisiýalarda hem-de gözleg-barlag işlerinde peýdalanylýar.
Kanadalylar hem malamutdan kiçiräk, ýöne ýük çekmäge çydamly itiň inuit (eskimo) tohumyny ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki wagtda demirgazyk sebitlerde hojalyk hyzmatlarynda giňden peýdalanylýan itiň bu tohumy 45-80 kilograma çenli ýük çekip bilýär. Şeýle hem bu itler polýar awçylygynda giňden peýdalanylýar.
1900-nji ýyllarda Nýu-Hempşirde ösdürilip ýetişdirilen, seýrek duş gelýän itiň bir görnüşi hem çinukdyr. Itiň bu tohumy çeýeligi, ýadawsyz hereketliligi hem-de altynsow sütügi bilen tapawutlanýar. Tirkege goşulýan itiň ýene bir görnüşi grenland itidir. Bu itler Grenlandiýada ulag serişdesiniň hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Şeýle hem awçylykda giňden peýdalanylýar.
Dünýäniň iň sowuk künjekleriniň biri bolan Sibiriň ýaşaýjylary malamuta meňzeş ýük çekmäge ukyply Sibir haskisini seçip alypdyrlar. Agramy 18-27 kilogram töweregi bolýan haskiler daşyndan göräýmäge möjege çalym edýär. Sibirliler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen demirgazyk itiniň ýene bir görnüşi hem gar ýaly sütükli samoýed itidir. Ýük çekmäge ukyply bolan bu itler hojalyk hyzmatlary bilen bir hatarda awçylykda hem peýdalanylýar.