Äýnek. Häzirki zaman dünýäsinde äýnek iň köp ýaýran harytlaryň biri bolup, esasan, gözüň saglygyny goramak maksady bilen ulanylýan hem bolsa, Gün şöhlesinden ýa-da ýagtylyk saçýan dürli enjamlardan we tozandan goranmak üçin hem dakylýar. Günden goraýan äýnekler bolsa, köplenç adama gelşik berýändigi üçin moda pudagynda hem giňden ýaýrandyr. Eýsem, adamzat taryhyndaky oýlap tapyşlaryň iň esasylarynyň biri bolan äýnegi kim, haçan oýlap tapdyka?!
Ilkinji äýnegiň nirede oýlanyp tapylandygy barada dürlüçe pikirler bolup, esasy maglumatlarda rimlileriň kiçi zatlary ulaldyp görkezýän tegelek aýnaly guraly ulanandyklary aýdylýar. XII asyrda hytaýly kazylaryň hem gözüni örtüp duran enjamlary peýdalanandyklary barada ýazgylar bar. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji dakylýan äýnegi XIII asyrda italiýaly Salwino Armati oýlap tapýar. Bu äýnek ýönekeý iki sany tegelek aýna bölekden düzülip, agaçdan ýa-da haýwanyň şahyndan ýasalan çarçuwa berkidilipdir. Şeýle hem burnuň üstünde saklanýan ilgençegi ýa-da uzyn tutawajy bolupdyr. Ilkibaşda köşk emeldarlary, döwlet işgärleri tarapyndan ulanylan äýnekler, soňlugy bilen alymdyr şahyrlaryň arasyna-da ýaýrap başlaýar. 1700-nji ýyllarda äýnegiň gulaga ildirilýän bölegi oýlanyp tapylyp, oňa «elsiz äýnekler» diýlip at berilýär. Şondan soňra äýnegi el bilen saklamak zerurlygy aradan aýrylýar. Ýagny äýnegiň tutawajynyň deregine gulaga ildirilýän ilgençek oturdylýar. Birnäçe ýyldan soň londonly öndüriji Benžamin Martin tegelek linzaly, kümüş çarçuwaly äýnegi oýlap tapýar. Oýlap tapyjy oňa «Martin’s Margins» adyny berýär. Häzirki wagtda iň meşhur äýnekleriň biri bolan «Martin’s Margins» kolleksiýaçylaryň arzyly önümleriniň biridir. Bu oýlap tapyşdan soňra äýnegiň kämilleşdirilişi has-da çaltlaşýar. 1784-nji ýylda meşhur fizik Benžamin Franklin ýarysy ýakyny we ýarysy uzakdaky zady aýdyň görkezýän iki optikaly linzany (bifokal) oýlap tapýar. Ýagny äýnegiň tegelek aýnasynyň aşaky bölegine ýene bir tegelek ýerleşdirýär. Fransuz göz lukmany Lui de Wekker Frankliniň iki linzaly oýlap tapyşyny kämilleşdirip, bir bitewi tegelekde asyl nusgany döredýär. XVIII asyrda gaýçy ýaly ýygnalýan jübi äýnekleri has-da ýörgünli bolup başlaýar. Bu äýnegi erkek adamlar ýanynda göterip, ownuk hatlary okamaly ýerinde dakynypdyrlar. Jübi äýnegi iki jübüt linzadan düzülip, gaňyrçak şekilinde biri-biriniň içine eplenipdir. 1800-nji ýyllaryň başynda görüş bulaşyklygyny düzetmek üçin özboluşly linzalar işlenip düzülip, äýneklere oturdylyp başlanýar. Şeýlelikde, gözi ýadadýan, görşi bulaşdyrýan äýnek bilen bagly meseleler aradan aýrylýar.
1900-nji ýyllarda, esasan, äýnekleriň daşky görnüşine uly üns berilýär. Dürli şekilli, reňkli çarçuwaly agaç, plastik, metal äýnekler adamyň ýüz keşbine, gözüniň reňkine, eşigine kybap görnüşde öndürilip başlanýar. Müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrýan bu äýnekler daşky görnüş – owadanlyk üçin dakylýar. 1929-njy ýyldan başlap Gün şöhlesini yzyna serpikdirýän, lukmançylyk taýdan tassyklanan ýalpyldamaýan gündelik äýnekler öndürilip başlanýar. 1980-nji ýylda döwülmeýändigi hem-de ýeňildigi bilen tapawutlanýan plastik linzalaryň oýlanyp tapylmagy bilen äýnekler döwrebap görnüşe geçýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar bilen ugurdaş ösdürilýän äýnekleriň ýagtylygy serpikdiriji, Gün şöhlesinden goraýan, görşi gowulandyrýan hem-de 3 ölçegli (3D) görnüşleri bar.