Antarktida iň sowuk yklym bolsa-da, Ýer togalagynyň iň sowuk ýaşaýyş merkezleriniň biri Saha Respublikasynyň paýtagty Ýakutsk (Russiýa Federasiýasy) hasaplanýar. Ýakutsk Uzak Gündogarda – Lena derýasynyň çep kenarynda, Tuýmaada jülgesinde ýerleşýän iň sowuk şäherleriň biri bolup, tomsuna «ak gijeleri», gyşyna bolsa 3-4 sagatlyk Gün şöhlesiniň ýalkym saçmagy bilen tapawutlanýar. 122 inedördül kilometr meýdany bolan sowuk şäheriň 336 müň töweregi ilaty bolup, esasan, dag-magdan käni bilen meşgullanýarlar. Ýakutsk şäheriniň howa guşaklygy kontinental bolup, ýylylyk derejesi –60-a çenli peselýär. Şäheriň sowuk derejede saklanmagynyň esasy sebäbi gardan emele gelen Sibir belentlikleriniň Gün şöhlesini yzyna serpikdirmegi bilen düşündirilýär. Bu şäherde hatda iýun aýynda hem gar ýagýar. Şeýle-de bolsa Ýakutsk ykdysady taýdan ösen şäherleriň biri hasaplanýar. Şäherde trolleýbus ýa-da tramwaý ýok, diňe awtobus hem-de mikroawtobuslar jemgyýetçilik gatnawyny amala aşyrýar. Ýakutsk ýurduň beýleki bölekleri bilen demir ýol baglanyşygy bolmadyk Russiýanyň iň uly şäheridir. Şäherde aeroport bar, ýöne aşa sowuk sebäpli ýylyň köp böleginde uçuşlar ýatyrylýar. Sowuk şäheriň esasy ulag serişdesi suguna goşulan araba bolup, ýerli ýaşaýjylar hojalyk işlerinde ulagyň bu görnüşinden peýdalanýarlar. XIX asyrlarda Ýakutsk altyn ýataklary we göwher känleri bilen tanalypdyr. Bu ýerde geologik gözlegler üçin gazylan 116 metrlik Şergin käni hem bar. Şäherde mamontlaryň özboluşly muzeýi bolup, gadymy haýwanlaryň doňup galan şekilini görüp bolýar. Mundan başga-da, şäherde «Kruzhalo» söwda meýdançasy, sirkler, teatrlar hem-de ýadygärlik toplumlary bar.