Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda çynlakaý alada edip, ýaşlary kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, mynasyp käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny synap görmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Eziz Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek we öwrenmek, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy we ösdürilmegi babatda uly itergi berdi. Elbetde, munuň esasy özenini bolsa Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalar emele getirýär. Konstitusiýamyzyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilen. Bu bolsa aýdylanlara doly şaýatlyk etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň we döwlet goldawynyň kanunçylyk binýadyny düýpli berkitdi. Geçen ýylyň 14-nji iýunynda talyp ýaşlar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup geçdi. Çünki Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seretmek bilen Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlaryň birnäçe tekliplerini diňläp olar bilen söhbetdeş boldy. Bu bolsa ýaşlary has-da guwandyrýar. Güýz paslynyň ilkinji gününde bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen duşuşmagy, şeýle-de ol ýerde ýaşlaryň ykbal göteriji tekliplerini tassyklaýan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekip bermegi ýaşlaryň bagtyny äleme ýaýdy.
Ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler halk bähbidine gönükdirilip, beýik geljek üçin amala aşyrylýar. Beýik geljegimiz bolsa şu günki ýaşlardyr. Olaryň bilim derejesi näçe ýokary boldugyça, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda gazanyljak üstünlikler hem şonça ýokary bolar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryna jogap edip, ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek üçin Arkadagly Serdarymyzyň çuň manyly her bir sözünden, belent nusgalyk şahsy göreldesinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan ägirt uly wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary döwrebap terbiýelemekde has önjeýli we yhlasly zähmet çekiljekdigi şübhesizdir.
Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, türkmen ýaşlaryny baky bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, şeýle-de il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Çowdur Şyhyýew,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.