Şu ýyl “Uly ýediligiň” başlyklygy Ýaponiýa geçdi. Ýurduň hökümeti G7 sammitiniň geçiriljek ýerini we senesini resmi taýdan mälim etdi. Sammit şu ýylyň 19-21-nji maýynda Hirosima şäherinde geçiriler. Ýurduň daşary işler ministriniň ýanynda sammite taýýarlyk görmek boýunça ýörite bölüm döredildi.
-Maý aýynda guraljak G7 sammitiniň esasy mowzuklarynyň biri hem ykdysady meseleler bolar – diýip, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet ministri Ýasutosi Nisimura ABŞ-nyň Strategik we halkara barlaglar merkezinde eden çykyşynda belledi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida gelip çykyşy boýunça Hirosimadan bolup, onuň saýlaw okrugy hem şu şäherde ýerleşýär. Ol öz şäherinde bu syýasy çäräni geçirmegiň esasy başyny başlaýjy boldy.
Şeýle-de 16-18-nji aprelde ýurduň Karuidzawa şäherinde G7 ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň, 11-13-nji maýda Ýaponiýanyň Niigata şäherinde maliýe ministrleriniň we merkezi banklaryň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçiriler. 15-16-njy aprelde Sapporo şäherinde G7 ýurtlarynyň howa, energiýa we daşky gurşaw boýunça ministrleriniň maslahaty geçiriler. Şeýle hem Nagasaki şäherinde G7 ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň, Okaýama prefekturasynyň Kurasiki şäherinde zähmet ministrleriniň, şol prefekturanyň Miýazaki şäherinde oba hojalygy ministrleriniň maslahatlaryny geçirmek barada ylalaşyldy.
Premýer-ministr Fumio Kisida G7-ä başlyklygynyň öňüsyrasynda 9-12-nji ýanwar aralygynda Fransiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, 12-nji ýanwarda Kanada, 12-13-nji ýanwarda ABŞ-a sapar edip, bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer. Şeýle hem 11-nji ýanwarda Waşingtonda iki ýurduň goranmak we daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda 2+2 ýygnagy geçiriler.
G7 – Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ ýaly ýurtlary birleşdirýän resmi däl halkara bileleşikdir. Şu ýylky sammit Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak we Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Meloni üçin ilkinji gezek bolar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, syýasy çäräniň Hirosimada geçirilmegi Ýaponiýanyň ýadro ýaragsyzlanmak meselesinde işjeň rol oýnamak isleýändigini görkezýär. Bu ýedi ýurt dünýä ilatynyň 10 göterimini, dünýä ykdysadyýetiniň ýaryna golaýyny emele getirýär.